Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherindäki “Rise Tower” gökdiräni 2 kilometr beýiklige ýetip, ol planetanyň iň beýik binasy bolar. Bu bolsa Dubaýdaky “Burj Halifa” we häzirki wagtda gurulýan Jidda diňlerinden hem beýik bolar. Halkara binagärlik firmasy HKS tarapyndan işlenip düzülen bina şäherdäki giň möçberli Demirgazyk polýus taslamasynyň bir bölegidir. Bina 678 gatdan ybarat bolup, onda myhmanhanalar, restoranlar, ofisler we şäheriň ajaýyp görnüşini syn etmek üçin meýdançalar bolar. Bu konsepsiýa adamlaryň toplumdan çykmazdan ýaşap, işläp we dynç alyp biljek özbaşdak ekoulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Gurluşyk işleriniň 2026-njy ýylda, esasy gurluşygynyň bolsa, 2030-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. “Rise Tower” Saud Arabystanynyň paýtagtynyň keşbini düýpli özgertmek we dünýä arhitekturasynda täze ölçegleri kesgitlemek üçin niýetlenendir. Taslamada binanyň diňe bir gözelligini däl, eýsem gurluş bitewiligini hem ýokarlandyrýan innowasion materiallar we tehnologiýalar ulanylar. Gurluşyk tamamlanandan soň, “Rise Tower” öň görlüp-eşidilmedik derejede 2000 metre çenli ýokarlanyp, dünýäde iň beýik bina bolar.
Şeýle hem taslamanyň çäklerinde ýokary tizlikli metro we awtonom ulag ulgamlaryny özüne birleşdirjek döwrebap ulag infrastrukturasy dörediler. Bu bolsa şäheriň içinde aňsat syýahat etmäge ýardam eder we diňiň işewürlik we syýahatçylyk işiniň merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrar. Taslamanyň möçberi eýýäm “Aecom”, “Bechtel” we “Jacobs” ýaly öňdebaryjy halkara inženerçilik we maslahat beriş firmalarynyň ünsüni özüne çekdi. Olaryň gatnaşmagy hil we howpsuzlyk boýunça iň ýokary standartlary üpjün eder.
Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
PDF









