Geçen ýylyň iň gymmat brendleriniň sanawy mälim edildi. «Brand Finance»-iň taýýarlan sanawynda bazar nyrhy 516,6 milliard dollar bolan «Apple» birinji orny eýeledi. Amerikan tehnologiýa kompaniýasynyň gymmaty 74 göterim artypdyr. Geçen ýylky sanawda «Amazon» birinji bolupdy. Soňky ýyllarda emeli aň tehnologiýasyna maýa goýum goýberýän NVIDIA bolsa bazar gymmatyny 163 göterim artdyryp, bu ugurda birinji boldy. Sanawa jemi 500 brend girizilipdir. Ikinji ýeri 340,4 milliard dollar gymmaty bilen «Microsoft» eýeledi. Bazar nyrhy 333,4 milliard dollar bolan «Google» üçünji boldy. Geçen ýylyň birinjisi bolan «Amazon» 308,9 milliard dollarlyk gymmaty bilen 4-nji, 99,4 milliard dollar gymmaty bolan «Samsung» 5-nji ýeri eýeledi. Bölek söwda bilen meşgullanýan «Walmart» (96,8 milliard dollar) 6-njy, «Tiktok» (84,2 milliard dollar) 7-nji, «Facebook» (75,7 milliard dollar) 8-nji boldy. Germaniýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy «Deutsche Telekom» (73,3 milliard dollar) hem-de Hytaýyň ICBC banky (71,8 milliard dollar) ilkinji onlugy jemlediler.
Sanawda brendleriň sany we gymmaty babatda amerikan kompaniýalary öňdeligi eýeleýär. «Global 500» sanawyndaky 203 kompaniýa ABŞ-a degişli. Ikinji ýerdäki Hytaýdan 65 kompaniýa, üçünji orundaky Ýaponiýadan 33 kompaniýa sanawa girizilipdir. Sanawda Fransiýadan 32, Germaniýadan 28, Angliýadan 20 kompaniýa bar. Iş alyp barýan ugurlary hasaba alnanda bank-maliýe ulgamyndan 71, bölek söwda degişli 53, tehnologiýa pudagyndan 49 brend bar.
Humaý DÄDIŞOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









