Syýahatçylyk pudagynda şäherler, taryhy binalar we täsin ýerler bilen bir hatarda, milli seýilgähler hem uly orun eýeleýär. Uly meýdany tutýan milli seýilgähler ýabany jandarlaryň we ösümlikleriň jemlenen ýeri hasaplanýar. Tebigy taýdan owadan we gaýtalanmajak özboluşlylygy emele getirýän milli seýilgähler, esasan, ABŞ-da, Ýaponiýada, Hindistanda we Awstraliýada ýerleşýär. Geliň, iň köp syýahat edilýän milli seýilgähler bilen tanyş bolalyň!
Ýosemiti, Uly Kanýon we Ýellouston, ABŞ. Kaliforniýa ştatyndaky 3 müň 81 inedördül kilometr meýdany tutýan Ýosemiti milli seýilgähi göm-gök suwly kölleri, granit gaýalary, şarlawuklary, arça we sekwoýa tokaýlary bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu seýilgäh gara aýylary bilen hem meşhurdyr.
Arizona ştatynyň serhedinde ýerleşýän Kolorado derýasynyň kenaryndaky Uly Kanýonda älemgoşar reňkli jülgeler, dik eňňitler we gaýa gatlaklary bar. Uly Kanýonyň käbir gaýalarynyň beýikligi 1600 metre ýetýär. Seýilgähde möjek, garaguş, sugun, dag arslany, gara aýy we keýik sürüleri ýaşaýar.
Ýellouston milli seýilgähi Idaho, Montana we Waýoming ştatlarynyň çäginde ýerleşýär. 8 müň 987 inedördül kilometr meýdany tutýan bu seýilgähde 10 müňden gowrak gyzgyn suwly çeşme, 300-den gowrak geýzer we 300-e golaý şarlawuk bar. Seýilgähde, esasan, grizzly aýysy, bizon, garynjanyň dürli görnüşi, koýot hem-de garagulak ýaşaýar. Bu milli seýilgählere her ýyl 5 milliondan gowrak syýahatçy barýar.
Iguasu milli seýilgähi, Argentina. Argentina bilen Braziliýanyň serhedinde ýerleşýän Iguasu milli seýilgähi 550 inedördül kilometr meýdany tutýar. Dünýäniň iň owadan şaglawuklaryny özünde jemleýän Iguasu milli seýilgähinde ösümlikdir janly-jandarlaryň 2 müňden gowragy duş gelýär. Seýilgähde 275 töweregi şarlawuk bolup, iň ulusy «Iblisiň bokurdagy» diýlip atlandyrylýar. Ini 150 metr, uzynlygy 700 metr bolan bu şarlawuk iň owadan tebigy gözelligiň biridir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen, syýahatçylyk pudagynda öňdäki orny eýeleýän Iguasu milli seýilgähine her ýyl 2 million syýahatçy barýar.
Galapagos milli seýilgähi, Ekwador. Dünýäniň iň gyzykly we täsin ekoulgamlarynyň biri bolan Galapagos milli seýilgähiniň 97 göterimi janly-jandarsyzdyr. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu milli seýilgähde, esasan, pyşbagadyr pingwinler ýaşaýar. Bulardan başga-da, iguanalara, gannetlere we deňiz arslanlaryna duş gelmek bolýar. Galapagosa baran syýahatçylar ýabany jandarlaryň arasynda arkaýyn gezelenç edip, pingwinler bilen ýakyndan surata düşüp bilýärler. Bu ýere her ýyl 300 müň töweregi syýahatçy barýar.
Serengeti, Kilimanjaro, Tanzaniýa. 14 müň 763 inedördül kilometr meýdany eýeleýän Serengeti milli seýilgähinde Afrikanyň «Uly bäşligi» diýlip atlandyrylýan arslanlar, piller, gaplaňlar, kerkler we ýabany öküzler ýaşaýar. Dünýäniň iň gadymy ekoulgamlarynyň biri bolan Serengetide howanyň, ösümlikleriň we haýwanat dünýäsiniň millionlarça ýyl bäri hiç hili üýtgemändigi aýdylýar.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Kilimanjaro milli seýilgähi Afrikanyň iň beýik nokady bolan Kilimanjaro dagynyň (5895 metr) eteginde ýerleşýär. Milli seýilgähde gyrymsy agaçly tokaýlar, çemenlikler bolup, esasan, piller, gök maýmynlar, lemurlar we gaplaňlar ýaşaýar. Bu seýilgählere her ýyl 50 müňden gowrak syýahatçy barýar.
Çitwan milli seýilgähi, Nepal. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Çitwan milli seýilgähi Bangladeş gaplaňlarynyň ýygnanan ýeridir. 932 inedördül kilometr meýdany tutýan seýilgähde 68 dürli süýdemdiriji, 544 görnüşli guş we 126 görnüşli balyk ýaşaýar. Şeýle hem seýilgähde seýrek duş gelýän bir şahly kerk, Bengal gaplaňy hem-de Gang krokodili ýaşaýar. Çitwan milli seýilgähine her ýyl 300 müň syýahatçy barýar.
Komodo milli seýilgähi, Indoneziýa. Komoda milli seýilgähi dünýäniň iň uly süýrenijisi bolan «komoda zemzeniniň» ýaşaýan mekanydyr. 3 uly we 26 kiçi adany öz içine alýan bu seýilgäh 1 müň 733 inedördül kilometr meýdany tutýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda görkezilen Komoda milli seýilgähinde sawannalar hem bar. Deňiz durmuşyna baý seýilgähde akula, balyklar, deňiz towşanlary, oktopus, deňiz merjenleri hem ýaşaýar. Adamlar üçin howpsuz bolan «komoda aždarhasyny» görmek üçin her ýyl 50 müň syýahatçy barýar.
Kaziranga milli seýilgähi, Hindistan. 500 inedördül kilometr meýdanda ýerleşýän bu seýilgähde dünýädäki kerkleriň üçden iki bölegi ýaşaýar. 2006-njy ýylda gaplaňlaryň goraghanasy hökmünde yglan edilen seýilgäh batgalyklardan we tropik tokaýlyklardan ybarat. Brahmaputra derýasyny öz içine alýan seýilgähde pil, ýabany buffalo, sugun, gaz, kerk we gaplaň duş gelýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu seýilgähe her ýyl 300 müňden gowrak syýahatçy barýar.
Fuji-Hakone-Izu milli seýilgähi, Ýaponiýa. Fuji dagyny, Fuji kölüni, Hakone şäherini we Izu adalaryny öz içine alýan Fuji-Hakone-Izu milli seýilgähi 1936-njy ýylda döredilýär. 1 müň 227 inedördül kilometr meýdany tutýan, 100-den gowrak wulkan adalaryny özünde jemleýän bu seýilgähe her ýyl 100 million syýahatçy barýar.
Uly Barýer rif deňiz seýilgähi, Awstraliýa. Kwinslendiň golaýyndaky Merjen deňzinde ýerleşýän Uly Barýer rif deňiz seýilgähi 344 müň 400 inedördül kilometr meýdany eýeleýär. 2900 rifden, 900 adadan ybarat dünýäniň iň uly rif ulgamy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen milli seýilgähleriň biridir. Gök kitleriň mekany bolan bu ýerde deňiz pyşbagasy, dugonga, 1 milliondan gowrak balyk, merjen, akula we meduza ýaşaýar. Uly Barýere her ýyl 3 million töweregi syýahatçy barýar.