“Telegram” “Messenger”-den ozup, iň köp ulanylan ikinji söhbetdeşlik programmasy boldy. “WhatsApp” bolsa, uly aratapawut bilen dünýäniň iň ýaýran söhbetdeşlik programmasy bolmagyna galýar. “Telegram”-yň esaslandyryjysy Pawel Durow “Fortune” žurnalyndan alnan maglumatlar bilen bilelikde bu habary öz akkaundyndan mälim etdi. Soňky maglumatlara görä, “WhatsApp” 44 göterimlik paý bilen ilkinji ýeri eýeleýär. “Telegram”-yň paýy bolsa, 31 göterim. “Facebook” söhbetdeşlik programmasy “Messenger” bolsa, 21 göterimlik paýa eýe.
“Telegram”-yň esaslandyryjysy soňky 5 ýylda “Telegram”-yň “Messenger”-den ozup, iň meşhur “bulut” bazaly söhbetdeşlik programmasy bolandygyny, ikinji orundaky “Telegram”-yň “WhatsApp” bilen arany ýyl-ýyldan ýapýandygyny aýtdy.
Yhlas Muhammedow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby.
PDF









