Halkara Aeroportlar Geňeşiniň (ACI World) täze hasabatyna görä, ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki Hartsfild-Jekson aeroporty 2025-nji ýylda 106 milliondan gowrak ýolagça hyzmat edip, dünýäniň iň köp adamly howa menzili diýen adyny saklap galdy. Sanawda ikinji orny Dubaýyň (BAE), üçünji orny bolsa Tokionyň (Ýaponiýa) Haneda aeroporty eýeledi. Umumy onluga diňe iki sany Ýewropa aeroporty – Londonyň Hitrou (7-nji orun) we Stambul (8-nji orun) aeroporty girip bildi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň aeroportlary, aýratyn-da, Hytaýyň Şanhaý we Guançžou şäherleriniň howa menzilleri pandemiýadan soňky döwürde iň uly ösüşi görkezip, öňküden has ýokary orunlara galdylar.
Halkara gatnawlar boýunça sanawda bolsa Dubaýyň aeroporty 95 milliondan gowrak ýolagçy bilen dünýäde birinji orunda durýar. Bu ugurda Ýewropa has güýçli wekilçilik edýär: Londonyň Hitrou aeroporty ikinji, Koreýýa Respublikasynyň Inçhon üçünji, Singapuryň Çangi aeroporty dördünji, Amsterdamyň Shiphol aeroporty bäşinji, Stambul aeroporty altynjy, Parižiň Şarl de Goll aeroporty ýedinji we Germaniýanyň Frankfurt aeroporty dokuzynjy orny eýeledi. Hasabata görä, dünýä boýunça halkara ýolagçy akymy 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 5,9% artyp, 4 milliard adama ýetdi. “ACI World”-yň baş direktory Jastin Erbatçi howa gatnawlaryna bolan islegiň durnukly artýandygyny, ýöne munuň aeroportlardan täze maýa goýumlaryny we has kämil dolandyryşy talap edýändigini belledi. Ýangyç bahasynyň 13% arzanlamagy we inflýasiýanyň peselmegi 2025-nji ýylda syýahatçylaryň satyn alyjylyk ukybynyň artmagyna ýardam etdi.
PDF









