Marokkoda arkasynda uzynlygy bir metre barabar tikenleri bolan dinozawr tapyldy. Bu barada Marokkoly we iňlis alymlarynyň bilelikde geçiren barlaglarynyň netijeleri “Nature” žurnalynda çap edildi. Makalada gadymy jandaryň 165 million ýyl ozal ýaşap geçendigi, jandaryň “Ankylosaurus” maşgalasynyň “Spicomellus afer” urugyna degişlidigi mälim edildi. Londonyň tebigat taryhy muzeýiniň ylmy işgäri Suzanna Maýdment dinozawryň tikenleriniň süňki bilen birleşen bolmagynyň haýran galdyryjydygyny aýtdy. Ylmy barlaga gatnaşan Birmingem uniwersitetiniň ylmy işgäri Riçard Batler “Ankylosaurus” maşgalasynyň dinozawrlaryň ýaşap geçen hek döwrüniň ahyrlaryna çenli ýaşandygyny, bu görnüşiň häzire çenli anyklanan iň täsin dinozawrlaryň biridigini belledi.
Gadymy jandarlaryň süňkleri dolulygyna saklanyp galmandyr. Şol sebäpli onuň ululygy barada anyk zat aýdyp bolmaýar. Şeýle-de bolsa, alymlar onuň uzynlygynyň 4 metre, agramynyň 2 tonna barabar bolandygyny çaklaýarlar. Dinozawryň tikenleriniň goranmaga kömek edendigi çaklanylýar.

Şöhrat Jodyýew,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köýtendag etrap komitetiniň bölüm müdiri.