Hytaýyň Çunsin şäheri ululygy we çylşyrymly relýefi bilen meşhurdyr. Ol ýerde döredilen infrastruktura hem bu şöhrata laýykdyr. Bu ýerde dünýäniň iň çuň metro bekedi, göni ýaşaýyş jaýlarynyň içinden geçýän asma demir ýol şahasy ýerleşýär, golaýda bolsa bu ýerde dünýäniň açyk asmanyň astyndaky iň uzyn eskalator ulgamy peýda boldy.
Bir hepde mundan ozal synag maksatly ulanyşyna berlen täze desga resmi taýdan «Uşan hudaýynyň eskalatory» diýlip atlandyrylýar. Ol 21 eskalatordan, 8 liftden, 4 trawolatordan, 2 pyýada köprüsinden we 2 estakadadan ybarat. Bularyň hemmesi şäheriň iki etrabynyň arasyndaky ýol wagtyny bir sagatdan ýigrimi minuta çenli azaltmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem ulgam diňe pyýadalaryň wagtyny tygşytlamagyna däl, eýsem, olaryň ýöremeli wagtyny azaltmak bilen hem ýeňillik döredýär.
Desganyň esasy bilen iň ýokarky nokadynyň arasyndaky belentlik tapawudy 242 metre deňdir, bu bolsa gökdiren bilen deňeşdirerlikdir. Tutuş ulgamyň umumy uzynlygy 905 metrden ybaratdyr.
17-nji fewraldan başlap «Uşan hudaýy» synag hökmünde tölegli döwrüne geçdi, bu döwürde her ýolagçydan bir sapar üçin 3 ýuan (0,4 dollar) möçberinde töleg alnar. “China Daily”-niň habar bermegine görä, synaglar tamamlanandan soň, ýerli häkimiýetler bellenen tölegi saklamalymy ýa-da ýok diýen karara gelerler.
PDF









