Iň uly gämi taslamasy

140

Ita­li­ýa­nyň “Laz­za­ri­ni” bi­na­gär­lik stu­di­ýa­sy dün­ýä­niň iň gym­mat ýah­ta­sy­nyň tas­la­ma­sy bi­len ta­nyş­dyr­dy. Pyş­ba­ga meň­ze­di­lip di­zaýn edi­len we söw­da mer­kez­le­rin­den res­to­ran­la­ra, pla­za­lar­dan jaý­la­ra çen­li köp bi­na­ny öz içi­ne al­ýan ýah­ta­nyň ba­ha­sy 8 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bo­lar. Su­per, me­ga we gi­ga­ýah­ta­dan has uly gä­mi­le­re te­ra­ýah­ta di­ýil­ýär. Mun­dan ozal hem su­per­ýah­ta­la­ryň bir­nä­çe­si­ni di­zaýn eden “Laz­za­ri­ni” aşa lýuks we gym­mat ba­ha­ly tä­ze te­ra­ýah­ta tas­la­ma­sy­nyň üs­tün­de iş­le­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Iň uly ýüz­ýän gur­luş bol­jak gä­mi­niň uzyn­ly­gy 550 metr, ini 610 metr bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. “Ýüz­ýän” şä­her bo­lan ägirt uly ýah­ta­da myh­man­ha­na­lar, söw­da mer­kez­le­ri, se­ýil­gäh­ler we hat­da ki­çi gä­mi­ler we uçar­lar üçin port­lar bo­lar. Beý­le­ki ta­rap­dan, pyş­ba­ga gör­nü­şin­de gu­rul­jak bu ägirt uly ýah­ta­nyň Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da gu­rul­jak­dy­gy we Jid­de şä­he­ri­niň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Pa­ty­şa Ab­dyl­la por­tun­dan gur­lu­şyk iş­le­ri üçin ýe­riň saý­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di. Bu tas­la­ma­nyň 2033-nji ýyl­da gur­lup ta­mam­lan­jak­dy­gy mä­lim edil­ýär.

Gur­ban­ber­di Mu­ham­met­ber­di­ýew, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.