1782-nji ýylyň 21-nji aprelinde Rattanakosin Patyşalygynyň birinji patyşasy Buddha Ýodfa Çulaloke (Rama I) tarapyndan Bangkok şäheri esaslandyrylýar. Häzirki wagtda Tailandyň paýtagty we iň iri şäheri bolan Bongkokyň 168 harpdan ybarat taiçe ady hem bar. Tailandlylar şäheri Bangkok däl-de, “Krung Thep Mahanakhon” sözleri bilen başlaýan şol uzyn adynyň gysga görnüşi bolan “Krungtep” diýip atlandyrýarlar.