Gaýybana syýahat

ABŞ-nyň In­dia­na­po­li­s şäheriniň Ça­ga­lar mu­ze­ýi ýurduň iň go­wy ça­ga­lar mu­zeý­le­ri­niň bi­ri bo­lup, ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­ýar. Ga­py­syn­dan ilkin­ji ge­zek gi­ren ada­my haý­ra­na goý­ýan bu mu­ze­ýiň gi­rel­ge­sin­de be­ýik­li­gi 9,2 metr bo­lan kö­pür­jik­li suw sa­ga­dy bar. Aý­na­ly di­war­dan ýa­py­şyp üçek­den gi­rip bar­ýan di­no­zaw­ryň şe­ki­li hem gaý­ta­lan­ma­jak pur­sady dö­red­ýär. Esa­san hem, ki­çi ýaş­ly ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen bu mu­zeý­de in­te­rak­tiw güý­men­je­ler, tej­ri­be otag­la­ry, ga­le­re­ýa meý­dan­ça­la­ry, maş­ga­la üçin gy­zyk­ly güý­men­je­ler bar. Mu­zeý­de gy­zyk­ly dynç alyş­lar bi­len bir ha­tar­da ça­ga­lar üçin köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler hem gu­ral­ýar. 1925-nji ýyl­da dö­re­di­len In­dia­na­po­li­siň Ça­ga­lar mu­ze­ýi 30 gek­tar meý­dan­da ýer­leş­ýän 482 müň 950 ine­dör­dül metr­lik des­ga­lar top­lu­my bolup, dün­ýä­dä­ki iň uly ça­ga­lar mu­ze­ýi ha­sap­lan­ýar. Mu­ze­ýe her ýyl 1 mil­li­on­dan gow­rak adam bar­ýar.
Mu­ze­ýiň bi­na­gär­lik gur­lu­şy­gyn­da heý­kel­ta­raş­lyk sun­ga­ty­na uly üns ber­lip­dir. Mu­ze­ýiň mer­ke­zi 3 müň 200-den gow­rak ese­ri öz içi­ne al­ýan 43 metr­lik aý­na diň bi­len be­ze­lip­dir. Ça­ga­lar aý­na üçe­giň aşa­gyn­da eks­po­nat­la­ry, sun­gat eser­le­ri­ni syn­la­mak bi­len bir ha­tar­da, dür­li oýun­la­ry oý­nap bil­ýär­ler. Şeý­le hem su­rat çek­mek, he­ka­ýa­dyr goş­gy ýaz­mak ýa­ly dö­re­di­ji­lik iş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp bil­ýär­ler. Bu ýer tej­ri­bäňi art­dyr­ma­gyň hem öz­bo­luş­ly meý­dan­ça­sy bo­lup, ça­ga­lar so­rag-jo­gap alyş­mak ar­ka­ly so­wat­ly­ly­gy­ny art­dyr­ýar­lar. In­te­rak­tiw güý­men­je meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­ler we tej­ri­be­ler ça­ga­lar üçin peý­da­ly bo­lup, dür­li amal­la­ry sy­nag­dan ge­çi­rip bil­ýär­ler.
Di­no­zawr­la­ryň ýur­dy mu­ze­ýiň iň gy­zyk­ly baş­dan­ge­çir­me­si bo­lup, bu meý­dan­ça­da ça­ga­la­ry bir­nä­çe di­no­zawr gar­şy al­ýar. Bu meý­dan­ça­da di­no­zaw­ryň ga­lyn­dy­la­ry­ny, aýak yz­la­ry­ny we süňk­ler­den dü­zü­len şe­ki­li­ni gör­mek bol­ýar. On­dan soň­ra ça­ga­lar Ýe­riň mil­li ge­og­ra­fik ha­zy­na­la­ry­nyň ser­gi­si­ne gat­naş­mak bi­len dün­ýä­niň dür­li kün­je­gi­ne ga­ýy­ba­na sy­ýa­hat et­mä­ge müm­kin­çi­lik ga­zan­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, Mü­sür, Hy­taý me­de­ni­ýe­ti­niň ga­dy­my ga­lyn­dy­la­ry bi­len tan­şyp, ar­heo­lo­gik iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy­ny syn­lap bil­ýär­ler.
35 metr uzyn­lyk­da­ky Ru­ben Wells ot­lu­sy hem ça­ga­la­ry 1890-njy ýyl­la­ra alyp gid­ýär. Ça­ga­lar lo­ko­mo­ti­wiň içi­ne gi­rip gör­mek bi­len onuň daş-tö­we­re­gin­dä­ki ki­çi­jik ot­lu­la­ry syn­lap bil­ýär­ler. Hat­da ki­çi­jik rels­le­ri düz­mek ar­ka­ly öz­le­ri üçin de­mir ýol hem gu­rup bil­ýär­ler.
2018-nji ýyl­da mu­ze­ýiň açyk meý­dan­ça­syn­da ki­çi­jik golf meý­dan­ça­la­ryn­dan baş­lap, bas­ket­bol, fut­bol oýun­la­ry­ny ge­çir­mek üçin meý­dan­ça­lar hem-de yl­gaw ýo­da­la­ry gu­rul­dy. Ça­ga­lar bu ýer­de iş­jeň he­re­ket­de bol­mak bi­len dür­li maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Şeý­le hem öza­ra ýa­ryş­la­ry ge­çi­rip, oýun­lar­dan lez­zet al­ýar­lar. Ça­ga­lar sport dün­ýä­si meý­dan­ça­sy­na ba­ryp, taý­ça­nak­ly aý­lan­ýan sal­lan­ça­ga mü­nüp bil­ýär­ler.
2000-nji ýyl­da ça­ga­la­ryň ki­ta­ba bo­lan söý­gü­si­ni ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len mu­zeý­de jem­gy­ýet­çi­lik ki­tap­ha­na­sy­nyň bö­lüm­çe­si açyl­ýar. Bu ýer­de kör­pe­je­ler üçin 15 müň­den gow­rak ki­tap, wi­deo we au­dio ýaz­gy­ly eser­ler sak­lan­ýar. In­dia­na­po­li­siň Ça­ga­lar mu­ze­ýi ça­ga­lar üçin gy­zyk­ly we peý­da­ly güý­men­je­le­riň mer­ke­zi ha­sap­lan­ýar.