10-njy aprelde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Internet olimpiadasyna 43 döwletiň 250-ä golaý ýokary okuw mekdebinden 2000-e golaý talyp ýaşlar gatnaşýar.
Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary sanly ulgam arkaly çykyş edip, bu geçirilýän halkara internet olimpiadanyň talyplaryň dil başarnyklaryny ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy dilçi ýaşlary kemala getirmekde örän uly ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.
Çeşme: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty