5-10-njy aprel aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Jiangyin şäherinde geçirilen IWUF-nyň 10-njy “Sanda” Dünýä Kubogynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Göwher Gowşudowa 70 kg agram derejesinde kümüş medal gazanmagy başardy.
Dünýä kubogy Halkara Uşu federasiýasy (IWUF) tarapyndan 2002-nji ýyldan bäri guralýan ýokary derejeli sport bäsleşigidir. Bu ýylky ýaryşa dünýäniň 26 ýurdundan 170-e golaý türgen gatnaşyp, erkekler we zenanlar üçin 18 agram derejesinde 18 dürli medal toplumy üçin bäsleşilýär.
Soňky ýyllarda türkmen türgenleri, şol sanda zenan türgenlerimiz halkara derejede geçirilýän giň möçberli sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, ýokary netijelere eýe bolýarlar.
Çeşme: education.gov.tm