Dünýäde ene dili hökmünde iň köp hytaýça gepleşilýän hem bolsa, aragatnaşyk dürli milletleriň arasynda aragatnaşyk dili hökmünde iňlisçe birinjiligi saklaýar. Iňlis diliniň halkara derejesine ýetmegi bu dili öwrenmäge zrurlygy has-da artdyrýar. Iňlisçe 67 ýurduň we 27 sany halkara guramanyň resmi dilidir. Diplomatiýa, söwda ýa-da işewür gepleşikler, halkara amallaryň 90 göterimi iňlis dilinde alnyp barylýar. Şol sanda maliýe biržalary, ýerleşýän ýerine garamazdan, işlerinde iňlis dilini ulanýarlar. Iň uly korporasiýalar içerki aragatnaşygy diňe iňlis dilinde alyp barýarlar. Iňlis dilli ýurtlardaky ýokary okuw mekdepleri – Angliýa we ABŞ dünýä reýtinginde birinji orny eýeleýärler. Iň gowy orta mekdepler iňlis dilinde okadýarlar. Iňlis dilini bilmek, ylmy ugurda hünär ugry üçin hökmany şertdir. Iň soňky gözlegler we hasabatlar elmydama iňlis dilinde çap edilýär. XXI asyr globallaşma döwri. Şonuň üçin häzirki wagtda dürli ýurtlardan gelenleriň bir-biri bilen aragatnaşyk saklamagyna mümkinçilik berýän planetanyň ähli ýaşaýjylary üçin umumy bir dile aýratyn zerurlyk bar. “Global dil” adalgasy ilkinji gezek iňlis alymy Dewid Kristal tarapyndan lingwistik ulanylyşa girizildi. D.Kristalyň pikiriçe, dünýäde iňlis dilinde gepleýänleriň sany bir milliard ýüz milliondan gowrak, olaryň diňe dörtden biriniň ene dili iňlisçe bolup, alty ýüz million adam hünär we gündelik aragatnaşyk üçin ikinji dil iňlisçe gepleşýär. Häzirki wagtda bu dil dünýäniň 62 ýurdunda resmi ýa-da ikinji resmi dil derejesine eýe we dünýä ilatynyň 97 göterimi ony halkara aragatnaşyk dili hasaplaýar. Habar beriş serişdelerinde, işewürlikde, ykdysadyýetde, bilimde, sportda we güýmenje pudagynda iňlis dili agdyklyk edýär. Dünýädäki maglumatlaryň 80 göterimden gowragy iňlis dilinde saklanýar. Şeýle-de ylmy işleriň 70-85 göterimi ilki iňlis dilinde neşir edilýär. Maglumatlara görä, iňlisçede 200 müň, nemes dilinde 184 müň we fransuz dilinde 100 müň töweregi söz bar. Iňlis dili, söz we işlik hökmünde sözden has köp peýdalanmak ukybyna eýedir.
Dünýä Gurbanowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby
PDF









