FIFA Klublar Dünýä Kubogynda ýene-de 2 çärýek finalçy belli bolup, faworit bolmadyk toparla ýaryşy dowam eder.
Italiýanyň “Inter” topary üçin möwsüm şowsuz depginde dowam edýär. Şarlottda Braziliýanyň “Fluminense” topary bilen duşuşan “Inter” 2-0 hasabynda asgyn geldi. Brazil kluby oýnuň başynda hem-de ahyrynda geçiren gollary bilen çärýek finala çykdy. Brazil toparyna ýeňiş getiren gollary 3-nji minutda Kano hem-de 90+3-nji minutda Herkules derwezä girizdi. Duşuşykda “interlileriň” 2 urgusy sütünden yzyna gaýtdy. Şeýle-de, “Fluminenseniň” derwezeçisi erjel oýun görkezip, toparynyň çärýek finala çykmagynda uly rol oýnady. Şunlukda, çärýek finalyň bosagasyndan gaýdan “Inter” möwsümi kuboksyz tamamlar.
Italiýanyň Kubogy ýaryşynda ýarym finalda “Milandan” utulan “Inter” “Serie A”-da çempionlygy soňky tapgyrda “Napoli” toparyna aldyrdy. UEFA Çempionlar Ligasynyň finalynda bolsa PSŽ-den 5-0 hasabynda ýeňildi. FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda welin, 1/8 final olaryň soňky oýny boldy.