“Apple” kompaniýasy täze “iPhone” smartfonlaryny 9-njy sentýabrda tanyşdyrjakdygyny mälim etdi. Amerikan brendi her ýylyň güýzünde smartfonlaryny we beýleki enjamlarynyň täze seriýasyny tanyşdyrýar. Berlen maglumata görä, müşderiler 12-nji sentýabrdan başlap, täze smartonlary sargyt edip bilerler. Smartfonlar 19-njy sentýabrda global bazara hödürlener. Tanyşdyrylyş çäresinde jemi 14 telefon – “iPhone 17”, “iPhone 17 Air” (has ýuka), “iPhone 17 Pro” we “iPhone 17 Pro Max” smartfonlary görkeziler. Täze seriýadaky has ýuka model boljak “iPhone Air”-iň galyňlygy 5,5-6 mm aralygynda bolar. Bu enjam kompaniýanyň häzire çenli çykaran iň ýuka smartfony bolar.


Smartfonlar titan ýa-da alýumin gabaraly bolar. Ozalkylardan tapawutlylykda smartfonyň kamera obýektiwleri has az ýer tutar. Smartfonlarda A18 ýa-da A19 çipler oturdylar. “iPhone 17” we “Air” smartfonlaryň wagtlaýyn ýady 8 GB, “Pro” we “Pro Max” modelleriniňki 12 GB bolar. Smartfon 24 MP selfi kamera, “Pro” modelleri 48 MP yzky kamera, 8X optik zoom we 8K durulygynda wideo düşürmäge ukyply bolar. Telefonlar Wi-Fi 7, 5G, 35 W çalt zarýad, Qi2 geçirijisiz zarýad beriş ýaly aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün ediler.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, telefonlaryň bahasy her modelde ortaça 50 dollar artar. Seriýanyň iň gymmat modeli bolan “iPhone 17 Pro Max”-yň bahasynyň 1 müň 600 dollardan ýokary bolmagyna garaşylýar. “iPhone 17 Air” bolsa, 899 dollardan başlaýan bahalar bilen ulanyjylara ýetiriler.