Hytaýyň Syçuan welaýatynda Çendu Týanfu howa menzili ulanmaga berildi. Bu howa menzili ýurduň Çendu şäheriniň ikinji uly howa menzili boldy. 11 milliard dollarlyk iri howa menzili Çendudan Pekine ilkinji uçar gatnawy bilen ýolagçylara hyzmat edip başlady. Täze howa menzili şäheriň merkezinden 50 kilometr, ägirt uly pandalaryň köpeldilýän milli merkezinden bolsa 84 kilometr uzakda ýerleşýär. Pandalaryň merkezi sebitiň esasy syýahatçylyk merkezidir.
Howa menziliniň bir bölegi tamamlandy. Ol 3 sany uçuş-gonuş zolagyny, ýylda 60 million ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolan 2 terminaly öz içine alýar. Ýene-de birnäçe ýyldan howa menzili doly gurlup gutarylar we ýylda 120 million ýolagça hyzmat eder.
Aýnabat MÄTJANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.