Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa Günorta Amerikan umumy bazary (MERKOSUR) bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky erkin söwda baradaky ylalaşygyň güýje girmegi hakyndaky permana gol çekdi. Bu resminama dünýäniň iň iri söwda zolaklarynyň birini döretmek ýolunda möhüm ädim boldy. 26 ýyl dowam eden gepleşiklerden soň şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen we Braziliýanyň Kongresi tarapyndan tassyklanan bu ylalaşyk 1-nji maýdan başlap tapgyrlaýyn esasda güýje girer.
Lula da Silwa gol çekmek dabarasynda çykyp gepläp, bu söwda ylalaşygynyň uzak wagtlap dowam eden gepleşikleriň netijesidigini we köptaraply gatnaşyklary berkitmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady. Ylalaşyk iki bloguň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 90 göteriminden gowragyna degişli bolan gümrük paçlaryny kem-kemden azaltmagy ýa-da doly ýatyrmagy göz öňünde tutýar. Bu resminama MERKOSUR-a agza ýurtlary (Braziliýa, Argentina, Paragwaý, Urugwaý, Boliwiýa) Ýewropa Bileleşigi bilen birleşdirip, 720 million ilatly umumy bazary emele getirmäge mümkinçilik berer. Ilkinji tapgyrda ylalaşyk söwda meselelerine, şol sanda nyrhlary arzanlatmaga, döwlet satyn almalaryna we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge gönükdiriler.
PDF









