Yragyň Prezidenti Nizar Amidi 28-nji aprelde Ali az-Zeýdini ýurduň täze Premýer-ministri wezipesine resmi taýdan belläp, oňa 30 günüň dowamynda täze hökümeti düzmegi tabşyrdy. Bu barada Yragyň INA habarlar agentligi habar berýär. Şaýy partiýalarynyň koalisiýasyndan ybarat bolan iň iri parlament blogy – Utgaşdyryjy geňeş tarapyndan hödürlenen Ali az-Zeýdi maliýe, ylym we media ulgamlarynda uly tejribesi bolan şahsyýetdir. Mundan ozal, şu ýylyň ýanwar aýynda bu wezipä öňki hökümet Baştutany Nuri al-Malikiniň dalaşgärligi teklip edilipdi, emma bu ädim halkara jemgyýetçiliginde dürli garaýyşlaryň döremegine sebäp bolupdy. Ýurtda 2003-nji ýyldan bäri hereket edýän häkimiýet bölünişigi ulgamyna görä, Prezident wezipesine kürtleriň, parlament spikerligine sünnileriň, Premýer-ministr wezipesine bolsa şaýylaryň wekili bellenilýär. Täze bellenen hökümet Baştutany häzirki wagtda Milli holding kompaniýasynyň direktorlar geňeşine ýolbaşçylyk edýär.
PDF









