Häzirki wagtda Irlandiýada maglumat merkezleriniň sarp edýän elektrik energiýasynyň möçberi ýurduň tutuş ýaşaýyş jaý sektorynyň sarp edýän elektrik energiýasynyň möçberine diýen ýaly deňleşdi. Emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi bilen, bu merkezler ýurduň umumy elektrik energiýasynyň eýýäm 23 göterimini sarp edýär.
Geçen ýylyň netijeleri boýunça Irlandiýanyň maglumat merkezleriniň elektrik sarp edişi 10 göterim ýokarlanyp, 7663 gigawat/sagada deň boldy. Şol bir wagtda ýurt boýunça umumy elektrik sarp edilişiniň ösüşi bary-ýogy 2 göterim töweregi boldy.
Soňky on ýylda maglumat merkezleriniň elektrik sarp edilişi 3,6 esse (360 göterim) ýokarlandy. Ýagny, 2015-nji ýylda bu görkeziji jemi milli sarp edilişiň 5 göterimine deň bolan bolsa, häzirki wagtda ol 23 göterime çenli ýokarlandy. 5 million töweregi ilaty bolan Irlandiýada häzirki wagtda 89 sany maglumat merkezi hereket edip, olaryň agramly bölegi Dublin şäheriniň golaýynda ýerleşýär we dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalaryna degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, ýurduň häkimiýetleri heniz 2021-nji ýylda täze maglumat merkezlerini elektrik toruna birikdirmegiň talaplaryny güýçlendirdiler. Täze düzgünler boýunça, bu binalar ýa özüni doly elektrik energiýasy bilen üpjün etmeli ýa-da alty ýylyň dowamynda dikeldilýän energiýadan peýdalanmagyň paýyny 80 göterime çenli ýokarlandyrmaly. Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň çaklamalaryna görä, eýýäm şu ýylyň netijeleri boýunça maglumat merkezleri Irlandiýanyň umumy elektrik energiýasynyň, takmynan, üçden bir bölegini sarp ederler.