Şäherleşmegiň çalt depginler bilen artmagy köp ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň we kärende töleginiň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Şol sebäpli iri şäherlerde şäher merkezi bilen şäherýaka etraplaryň arasynda gatnaýan ýokary tizlikli otlular hereket edýär.
Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda işleýän Raçel Kaur atly zenan bolsa işine uçarly gatnaýar. Ýurduň paýtagtynda 350 kilometr çemesi uzakda ýerleşýän Pinang şäherinde ýaşaýan Kaur hepdäniň her iş gününde uçarly işe gidip gelýär. Ol uçarly syýahatyň 40 minut dowam edýändigini aýdýar. Kaur 11 we 12 ýaşynda iki çagasynyň barydygyny, daňdan sagat 4-den geçende oýanýandygyny, 05:00-da öýünden çykýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, uçar her gün ýerli wagt bilen 05:55-de uçýar. Ol eýýäm irden 07:45-de iş ýerine barýandygyny aýdýar. “AirAsia” atly awiakompaniýada işleýän zenan petegi tölegsiz almaýandygyny, uçar petegine berýän pulunyň Kuala-Lumpurda kärendesine jaý tutmakdan arzan düşýändigini belleýär.