17-nji aprelde Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes bilen Braziliýanyň Prezidenti Luiz Inasiu Lula da Silwanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde, iki döwlet parahatçylygy durnuklaşdyrmak we halkara gatnaşyklaryny berkitmek barada ylalaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ählumumy durnuklylygy üpjün etmek we durmuş-ykdysady ösüşi ilerletmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Ispaniýa we Braziliýa Ýewropa Bileleşigi bilen Latyn Amerikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ysnyşdyrmakda esasy “hereketlendiriji güýç” bolup çykyş etmegi maksat edinýärler. Braziliýanyň döwlet Baştutanynyň Ispaniýa bolan saparynyň çäginde taraplar ylym, innowasiýalar, tehnologiýalar, medeniýet, bilim alyş-çalşygy, ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk hem-de ykdysady we maýa goýum taslamalary ýaly dürli ugurlar boýunça 10-dan gowrak möhüm ylalaşyga gol çekdiler.
Gepleşikleriň dowamynda dünýädäki geosyýasy dartgynlylygyň artmagy bilen bagly meseleler hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň liderleri halkara hukugynyň kämilleşdirilmegini we parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýanyň ähmiýetini nygtadylar. Prezident Lula da Silwa häzirki wagtda dünýäde hyzmatdaşlygyň we dialogyň zerurdygyny belläp, parahatçylyga gönükdirilen çäreleri goldaýandygyny bildirdi. Şunuň bilen birlikde, liderler halkara ykdysadyýetine, aýratyn-da energiýa serişdeleriniň nyrhlaryna ýaramaz täsir edýän ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar. Ispaniýanyň hökümet Baştutany Pedro Sançes häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we halkara hyzmatdaşlygynyň bähbidine bilelikde hereket etmegiň wajypdygyny belledi. Taraplar halkara giňişliginde parahatçylygy we ynanyşmagy durnuklaşdyrmak ugrunda tagalla edýän ähli halkara guramalarynyň hem-de abraýly şahsyýetleriň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny goldaýandyklaryny tassykladylar.