Ispaniýada bikanun ýaşaýan müňlerçe migrant üçin bir ýyllyk iş we ýaşamak hukugyny berýän täze düzgün güýje giredi. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýurtda, azyndan, 5 aý bäri bolandygyny subut edip bilenler 30-njy iýuna çenli arza berip bilerler. Ilkinji günlerde sanly ulgamda bökdençlikler we uly nobatlar dörese-de, hökümet bu çäräniň migrantlaryň durmuşyny düzeltjekdigini aýdýar. Arzalar häzirki wagtda onlaýn ýa-da degişli edaralara baryp kabul edilýär.