Ispaniýada täze kwant superkompýuteri ulanmaga berildi

2

Ispaniýa we Ýewropa Bileleşigi ylmy barlaglaryň hem-de emeli aňyň ösdürilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, Barselonanyň superkompýuter merkezinde (BSC) bahasy 10 million ýewro barabar bolan täze kwant kompýuterini ulanmaga berdi. Bu desganyň işe girizilmegi baradaky habar resmi çeşmelere salgylanylyp ýaýradyldy. Täze enjam adaty hasaplamalary sanly we analogly kwant maglumatlaryny işläp taýýarlamak ulgamy bilen utgaşdyrýar.
9,8 million ýewro möçberindäki maýa goýumlaryň hasabyna bina edilen we Ispaniýanyň üçünji kwant superkompýuteri bolan bu maşyn adaty superhasaplamalary, emeli aňy we kwant tehnologiýalaryny özünde jemleýän «MareNostrum 5» ulgamyna birikdirildi. Döwrebap desganyň taslamasyny Barselonanyň «Qilimanjaro Quantum Tech» kompaniýasy işläp taýýarlady we gurdy. Onuň maliýeleşdirilmegi bolsa Ýewropa Komissiýasy hem-de Ispaniýanyň Sanlylaşdyrmak we emeli aň baradaky döwlet sekretarlygy tarapyndan üpjün edildi. Öňki gurlan iki sany sanly ulgamdan tapawutlylykda, bu täze gurnama analogly kwant kompýuteri bolup durýar. Munuň özi adaty kompýuterleriň amala aşyryp bilmejek örän çylşyrymly we uly kuwwatly algoritmik meselelerini çözmäge ukyplydyr.
Täze kwant kompýuteri «MareNostrum Ona» diýlip atlandyrylýan bölümiň düzümine girip, ol Torre-Žirona taryhy binalar toplumynda ýerleşdirildi. Bu ýerde, eýýäm, 2025-nji ýylyň fewralynda işe girizilen ilkinji iki maşyn hereket edip, olar häzirki wagta çenli Ispaniýanyň superhasaplamalar ulgamynyň (RES) çäklerinde saýlanyp alnan 53 sany ylmy-barlag taslamasy boýunça jemi 4200 sagat hasaplama işlerini ýerine ýetirdi.
Bu taslama dolulygyna Ýewropanyň ýerli tehnologiýalaryna esaslanýar we ol Ýewropa Bileleşiginiň öz superkompýuter kuwwatyny hem-de tehnologik infrastrukturasyny berkitmek boýunça alyp barýan «EuroHPC JU» başlangyjynyň çäklerinde döredilýän umumykwant hasaplama ulgamyna birikdiriler. Häzirki güne çenli «EuroHPC JU» tarapyndan Ýewropanyň dürli ýurtlarynda ýerleşýän şeýle kompýuterleriň altysy satyn alyndy, olaryň Polşada, Çehiýada we Germaniýada gurlan üçüsi, eýýäm, ylmy barlaglar üçin netijeli ulanylýar. Hünärmenleriň we resmi wekilleriň bellemegine görä, bu strategik taslama Ýewropanyň tehnologik taýdan özbaşdaklygyny üpjün etmekde, beýleki döwletleriň iri tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmakda hem-de sebitiň strategik ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup durýar.