Ispaniýanyň tagt mirasdüşeri harby gullugyny tamamlaýar

6

Ispaniýanyň Patyşasy Filip VI-niň uly gyzy, tagt mirasdüşeri Leonor Korol maşgalasynyň taryhynda ilkinji gezek paraşýutdan böken zenan boldy we paraşýutçy-reynjer diýen tapawutlandyryş nyşanyny aldy. Ol ýurduň Ýokary serkerdebaşysy boljak monarhlar üçin hökmany bolan üç ýyllyk harby okuw maksatnamasynyň çäklerinde, Alkantariýa awiabazasynda paraşýut sporty boýunça binýatlyk tapgyryny üstünlikli tamamlady.
Şazada Leonor 2023-nji ýylda, 17 ýaşynda başlan harby taýýarlygyny şu tomus tamamlaýar. Ol Saragosadaky harby akademiýada bilim alyp, kursant-infant derejesini aldy, okuwynyň ikinji ýylyny bolsa deňiz işine bagyşlap, Atlantik ummany arkaly okuw ýörişine gatnaşdy we miçman çenine eýe boldy. Harby okuwyň San-Hawýerdäki Harby-howa akademiýasynda geçen soňky tapgyrynda bolsa şazada we beýleki ýaş harby gullukçylar howada howpsuzlygy üpjün etmek hem-de utgaşdyrmak ukyplaryny kämilleşdirdiler. Maksatnamanyň çäklerinde patyşalygyň mirasdüşeri 400 metr belentlikden gijeki böküşleri hem öz içine alýan synaglaryň netijesinde harby hünär derejesini üstünlikli tassyklatdy.
Gulluk döwrüni tamamlap, goşunyň ähli görnüşlerinden ofiser çinini alan şazada Leonor mundan beýläk ünsüni raýat bilimine gönükdirer. Ol hukuk, syýasatşynaslyk we halkara gatnaşyklary ugurlarynda ýokary bilim alyp, kakasy Patyşa Felipe VI-niň akademiki ýoluny doly gaýtalar.