Italiýanyň Premýer-ministriniň Astana we Samarkanda eden sapary wagtynda strategik hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky şertnamalara, şeýle hem möhüm çig mal we migrasiýa ýaly dürli ugurlardaky birnäçe şertnamalara gol çekildi.
Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloniniň Astana eden sapary wagtynda Italiýanyň we Gazagystanyň arasynda jemi 4 milliard ýewro barabar birnäçe şertnamalara gol çekildi. Taraplar strategik hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, nebit-gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa we suw ätiýaçlyklarynyň dolandyryşy ýaly dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşandyklaryny mälim etdiler. Astanada geçirilen halkara forumda çykyş eden Meloni Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.
– Biz halklarymyzy birleşdirýän dostlugy hem-de köp möhüm pudaklarda strategik hyzmatdaşlygymyzy berkitmegi maksat edinýäris. Italiýa Merkezi Aziýa maýa goýmak kararyna gelen ilkinji Ýewropa Bileleşiginiň ýurdy boldy – diýip, Meloni forumda eden çykyşynda belledi.
Ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk baradaky jarnamadan başga-da, ýurtlaryň ýolbaşçylary möhüm minerallar we çig mal baradaky resminamalara gol çekdiler.
– Şu günki duşuşyk köp ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine örän çynlakaý itergi berdi. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwdanyň ösmegine uly ähmiýet berýäris. Italiýa Gazagystanyň üçünji uly söwda hyzmatdaşy we Ýewropa Bileleşiginiň iň uly hyzmatdaşydyr – diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Meloni bilen bolan duşuşygynda aýtdy.
Resmi maglumatlara görä söwdanyň mukdary 20 milliard dollara ýetdi. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary nebit-gaz pudagy, energiýa, suw ätiýaçlyklarynyň dolandyrylyşy, maşyn gurluşygy we agrosenagat toplumydyr.
Rimiň ady köçä dakyldy
Premýer-ministr Jorja Meloni Astana saparyndan öň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Samarkantda gepleşik geçirdi. Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky jarnama, şeýle hem möhüm çig mal we migrasiýa babatynda birnäçe şertnamalara gol çekildi. Italiýanyň Premýer-ministriniň sapary mynasybetli Samarkantdaky köçeleriň birine Italiýanyň paýtagtynyň ady dakyldy. Prezident Mirziýoýew bu kararyň iki ýurduň arasyndaky çuňňur taryhy we medeni gatnaşyklary, şeýle hem Özbegistanyň we Italiýanyň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we birek-birege hormat goýmagyň nyşanydygyny aýtdy. Bu duşuşykda iki ýurduň arasynda umumy bahasy 3 milliard ýewrodan gowrak bolan şertnamalaryň baglaşylmagyny göz öňünde tutýan jarnama gol çekildi.
Ýatlap geçsek, 30-njy maýda Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň Baştutanlary bilen Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloniniň gatnaşmagynda ilkinji «Merkezi Aziýa-Italiýa» sammiti geçirildi.
Şeýle formatda ilkinji gezek geçirilýän sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Sammit sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, medeni gatnaşyklary berkitmäge we ählumumy möçberde özara ynanyşmagy ilerletmäge ýardam etmek üçin täze meýdançany hödürleýär.