Ýaponiýada çaga dogluşynyň azalmagy dowam edýär. It, pişik ýaly öý haýwanlaryny saklaýanlaryň sany bolsa, barha artýar. Dürli iýmit önümlerini öndürýän ýapon kompaniýalarynyň biri hem adamlaryň, hem itleriň iýmegi üçin ýaramly bolan iýmit önümçiligini ýola goýdy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary indi öýdeçi haýwanlaryň maşgala agzasy hasaplanýandygyny, şol sebäpli olara has ýokary hilli önümleri öndürmek isleýändiklerini aýtdy. 3-nji martda satuwa çykaryljak önümleriň arasynda itler üçin niýetlenen köke hem-de armyt tagamly doňdurma bar. Bu iki önüme hem adamlar üçin öndürilýän adaty iýmitiň ady berildi. Kompaniýa iýmitiň düzümindäki ýagyň we şekeriň mukdaryny azaldandyklaryny we itler üçin ýaramsyz bolup biljek himiki elementleri ulanmakdan gaça durandyklaryny belleýär. Şeýle hem kompaniýa adamlaryň hem sarp edip bilmegi üçin ýaramly bolan doňdurylan leňňeji we gel içimligini hem satuwa taýýar etdi.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Eýjiro Ota täze önümleriň tanyşdyrylyş dabarasyna öz iti bilen gatnaşdy. Ol öýdeçi haýwan bazarynyň geljeginiň uludygyny belleýär.