Şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Materiallaryň garşylygy» dersinden IV Açyk halkara Internet olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bir hatarda, Azerbaýjan, Belarus, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Özbegistan, Rumyniýa we Türkiýe ýaly ýurtlardan talyp ýaşlar gatnaşýarlar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sanly ulgam arkaly geçirilen «Materiallaryň garşylygy» dersinden IV Açyk halkara Internet olimpiadasy dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, tejribe alyşmakda, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we sanly ulgamy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bu halkara olimpiada emin agzalary hökmünde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we daşary ýurtlaryň ugurdaş okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.