Saud Arabystanynda beýikligi bir kilometrden aşjak dünýäniň iň beýik binasynyň gurluşygy 100-nji gata (402 metr) ýetdi. 2025-nji ýylda gaýtadan dikeldilen taslamanyň gurluşyk işlerini 2028-nji ýylyň awgustyna çenli doly tamamlamak meýilleşdirilýär. «Vision 2030» maksatnamasynyň çäginde gurulýan bu ägirt desga ýurduň täze ykdysady we syýahatçylyk merkezi bolar. Gyzyl deňziň kenarynda ýerleşýän bina häzirki «Burj Halifadan» hem beýik bolup, dünýä rekordyny täzelär.
PDF









