2-7-nji iýul aralygynda amerikan sungat ussady Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky «kantri rok» žanrynda çykyş edýän aýdym-saz topary paýtagtymyzda saparda boldy. Topar saparynyň dowamynda ýerli sazandalar we aýdym-saz muşdaklary bilen bilelikdäki çärelere, şol sanda döredijilik duşuşygyna we çykyşlara gatnaşdy. 3-nji iýulda Linniň ýolbaşçylygyndaky topar ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän çärede çykyş etdi. Topar 5-nji iýulda sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde konsert berdi. Toparyň çykyşyndan öň Jessika Linniň metbugat wekilleri bilen söhbetdeşligi boldy. Jessikanyň ýolbaşçylyk edýän döredijilik toparyna «maşgala topary» diýse bolar. Owadan aýdymçynyň ejesi Wiktoriýa Kalamera klawişli saz guralyny çalýar, şeýle hem ikinji aýdymçy bolup çykyş edýär. Kakasy Piter Kalamera bas gitara, ýanýoldaşy Stiwen Sterpaçi gitara çalýar. Maşgalanyň ýakyn dosty Mett Bauer bolsa, deprekli çykyş edýär.
Men Nýu-Ýorkda doguldym, ol ýerde «kantri» usuly o diýen meşhur däl, ýöne kakam mende çagalykdan amerikan daýhanlarynyň aýdymlaryna söýgi döretdi – diýip, Jessika Linn özi hakda gürrüň berdi. – Toparymyz döredilenden bäri 10 ýyl geçdi we şu döwür içinde 20 ýurtda bolup gördük. Hemme ýerde-de tomaşaçylar biziň çykyşlarymyzy düşünjelilik bilen kabul etdi.
Ol türkmen aýdymçylary bilen çykyşy barada hem şeýle diýdi: “Rok toparymyz Türkmenistanda ilkinji gezek bolýar. Magistr derejäm bolsa-da, men mugallym bolup kän işlemedim. Emma onlaýn aýdym-saz akademiýada bu maksatnamanyň üsti bilen ýaş aýdymçylara sapaklar berýärin. Döwran (Şammyýew) hem meniň talybym boldy. Onuň bilen duşuşmak meniň üçin diýseň ýakymly boldy. Men ony ýüzbe-ýüz görerin diýip garaşmaýardym. Bu ýerde bizi mähirli garşyladyr”.
Jessika Aşgabatda bolan döwründe dutar saz guraly bilen tanşandygyny belledi. Şeýle-de ol “ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününde türkmen we amerikan döwlet senalarynyň ýaňlanmagy mende diýseň uly täsir galdyrdy. Iki ýurduň bilelikde baýramçylyk bellemegi ajaýyp duýgy boldy” diýip belledi.
Konsert maksatnamasynyň açylyşynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud türkmen dilinde çykyş etdi.
Konsert paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň göwünlerini galkyndyrdy. Ildeşimiz Döwran Şammyýewiň Jessika Linn bilen bilelikdäki çykyşy tomaşaçylar üçin garaşylmadyk ýakymly sowgat boldy. Olar bilelikde Duffiniň, Waýnhausyň we Reý Çarlzyň meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar bu çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Konsertiň ahyrynda sahna tanymal türkmen jaz aýdymçysy Maýsa Nyýazowa çykdy. Ol Jessika Linn bilen bilelikde «Hakyky zenan bolmak üçin, ähli zat bar mende» (Şania Twain) atly meşhur aýdymy ýerine ýetirdi.
6-njy iýulda agşamara «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde toparyň ikinji konserti boldy.