1768-nji ýylyň 26-njy awgustynda britan deňizçisi, syýahatçysy we kartograf Jeýms Kuk “ HMS Endeavour” atly gämi bilen ilkinji syýahatyna başlaýar. Ol Ýuwaş ummanyna eden syýahaty we açyşlary bilen bellidir. Jeýms Kuk ilkinji syýahatynyň dowamynda Günorta Amerikanyň günortasynda aýlanyp, 1769-njy ýylyň 13-nji aprelinde Ýuwaş ummanyndaky Taiti adasyna barýar. Ol 1779-njy ýyla çenli Ýuwaş ummanyna üç gezek sapar edýär we birnäçe adany açýar, olar barada maglumat taýýarlaýar. 1779-njy ýylyň 14-nji fewralynda 50 ýaşynda wagty Gawai adasynda aradan çykýar.