Şu ýylyň iýul aýynda geçirilen JLPT (Japanese Language Proficiency Test – ýapon dilini biliş synagy) synagynyň netijeleri 25-nji awgustdan 31-nji oktýabr aralygynda onlaýn görnüşinde elýeterlidir.
Synaga gatnaşyjylar, netijelerini resmi “JLPT Onlaýn Netije” web sahypasynda anketany doldurmak bilen girizilen synag belgisini we parolyny girizip barlap bilerler.
Netijeler bilen şahadatnamalar sentýabr aýynyň ortalaryndan Ýaponiýadan Türkmenistana iberiler diýip, Ýaponiýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy habar berýär.
Salgy: https://www.jlpt-overseas.jp/onlineresults/
Çeşme: iicmet.gov.tm