UEFA Çempionlar Ligasynyň täze möwsüminde çykyş etjek toparlaryň ählisi belli bolup barýar. Pleý-off tapgyrynyň geçirilen jogap oýunlaryndan soň 3 topar belli boldy. Galan 4 topar bolsa şu gijeki oýunlardan soň belli bolar. Belli bolan toparlaryň 3-si hem Çempionlar Ligasynda ilkinji gezek gatnaşýarlar. Olar Çempionlar Ligasynda çykyş etjek 156-157-158-nji klublar bolarlar.
“Seltik” bilen Şotlandiýada golsuz deňme-deň oýnan Gazagystanyň “Kairat” topary öz meýdançasynda esasy wagtda umumy deňligi saklamagy başardy. Almatydaky oýnuň esasy wagty hem golsuz tamamlandy. Goşmaça wagtda-da hasap üýtgemänsoň, penalti urgularynyň netijesinde “Kairat” 3-2 hasabynda üstün çykmagy başardy we taryhynda ilkinji gezek UEFA Çempionlar Ligasynyň final tapgyrynda oýnamaga hukuk gazandy. “Kairat” Çempionlar Ligasyna wekilçilik etjek 2-nji gazak kluby bolup, ondan öň “Astana” 2015/16 möwsüminde bu ýaryşa gatnaşypdy. Şol sanda Almaty şäheri ýaryşyň çäginde duşuşyklaryň geçiriljek iň uzak şäheri diýlip hasaba alyndy.
“Kairat” topary 1-nji saýlama tapgyryndan ýaryşa goşulyp, almatylylar “Seltige” çenli “Olimpiýa Lýublýana” (Sloweniýa), “KuPS” (Finlýandiýa) hem-de “Slowan Bratislawa” (Slowakiýa) ýaly klublary ýeňmegi başardy.
Saýlama tapgyrynda güýçli garşydaşlaryny ýaryşdan çykaryp, final tapgyryna ýollanma alan ýene bir topar hem Kipriň çempiony “Pafos” klubudyr. Pleý-off tapgyrynda Serbiýanyň “Srwena Zwezda” toparyny myhmançylykda 2-1 hasabynda ýeňen “Pafos” öz meýdançasynda 1-1 deňme-deň oýnady. Serbler Iwaniçiň 60-njy minutdaky goly bilen öňe geçse-de, “Pafos” 89-njy minutda Žažanyň takyk urgusy esasynda hasaby deňledi. Netijede, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Pafos” Çempionlar Ligasynyň täze wekili bolar. 8 ýyldan soň bu ýaryşa kluby gatnaşýan Kiprden mundan öň APOEL hem-de “Anortisis” klublary wekilçilik edipdi.
“Pafos” mundan öňki tapgyrda Kiýewiň “Dinamosyny” ýaryşdan çykarypdy.
Çempionlar Ligasynyň ýene bir debýutanty Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary boldy. Öz meýdançasynda “Şturm Grasyň” derwezesinden jogapsyz 5 gol geçiren norwegler jogap oýnunda 2-1 hasabynda utulsa-da, ýaryşyň final tapgyryna adyny ýazdyrmagy başardy. “Bude-Glimt” topary taryhynda ilkinji gezek Çempionlar Ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanyp, olar bu ýaryşda çykyş etjek 3-nji norweg topary bolar. Soňky gezek Norwegiýanyň bir wekili Çempionlar Ligasynda 2007/08 möwsüminde çykyş edipdi. Norwegiýanyň adyndan “Rosenborg” topary 11, “Molde” topary-da 1 gezek Çempionlar Ligasynyň final tapgyryna gatnaşypdy.
“Bude-Glimt” topary Çempionlar Ligasyna wekilçilik etjek iň demigazykdaky klub bolar.
Pleý-off tapgyryndan yzyna gaýdan “Seltik”, “Srwena Zwezda” hem-de “Şturm Gras” toparlary Ýewropa Ligasynyň liga tapgyryna gatnaşarlar.