Dünýäniň iň gadymy film festiwaly bolan Wenesiýa kino şüweleňiniň 82-nji geçirilişi tamamlandy. Onlarça täze filmiň görkezilen festiwalynyň jemleýji gününde baş baýrak bilen bir hatarda, beýleki baýraklaryň hem ýeňijileri mälim edildi. Amerikaly meşhur režissýor Aleksander Peýniň ýolbaşçylyk eden eminler topary ussat režissýor Jim Jarmuşyň “Kaka, eje, uýa, erkek dogan” atly filmi Altyn ýolbars baýragyna laýyk görüldi. Onuň bu filminde Keýt Blanşett, Wiki Krips, Adam Draýwer, Şarlott Rempling ýaly belli artistler surata düşdi.
Tunisli zenan režissýor Kauter Ben Hanianyň “Hindi Rajabyň sesi” atly dramasy Eminleriň “Gran Pri” baýragy bilen sylaglandy. Eminleriň ýörite baýragyna “Bulutlaryň astynda” filmi üçin italiýaly Janfranko Rosi mynasyp boldy. Iň gowy režissýor Kümüş ýolbars baýragyny “Ýumrujy maşyn” filmini surata düşüren Benni Safdi gazandy. MMA urşujysynyň durmuşy barada söhbet açýan filmde baş keşbi Dweýn Jonson janlandyrýar.
Iň gowy aktýor we aktrisa baýraklarynyň ýeňijilerine gowşurylýan “Volpi” kuboklary italiýaly hem-de hytaýly artistlere berildi. Režissýor Paolo Sorrentinonyň surata düşüren “Merhemet” atly filminde baş keşbi janlandyran italiýaly meşhur artist Toni Serwillo iň gowy aktýor diýlip saýlandy. Hytaýly režissýor Saý Şanszýunyň ekranlaşdyran “Gün hemmämiziň üstünden” dogýar” atly filmiň ýyldyzy Sin Çžileý iň gowy aktrisa baýragy bilen sylaglandy.
Iň gowy ssenariý ugry boýunça “Iş başynda” filmi ýeňiji diýlip yglan edildi. Baýrak filmiň edebi esasyny bilelikde ýazan, şol sanda režissýory hem bolan Walerie Donzelli bilen Žill Marşana gowşuryldy.
Festiwalyň özboluşly baýraklaryndan Marçello Mastroianni adyndaky baýrak “Dymma dost” filminiň režissýory Luna Wedlere berildi.
Festiwalyň kino sungatyndaky ilkinji işleri göz öňünde tutulyp gowşurylýan “Orrizonti” baýraklarynyň ýeňijileri hem mälim edildi. Bu bölümiň çäginde meksikaly režissýor Dawid Pablosyň “Ýolda” atly triller dramasy iň gowy film diýlip saýlandy. “Ýatdan çykan agaçlar” filmini surata düşüren hindistanly Anuparma Roý iň gowy režissýor baýragyna laýyk görüldi. Ýaponiýaly režissýor Akio Fužimotonyň Ýitirilen ýer atly filmi Eminleriň ýörite baýragyna mynasyp boldy. Benedetta Porkaroli (“Arabellanyň ogurlanmagy”) bilen Jakomo Kowi (“Mekdep ýyly”) iň gowy aktrisa hem-de aktýor diýlip saýlandy.
11 günläp dowam eden festiwalyň çäginde germaniýaly meşhur režissýor Werner Herzog bilen amerikaly belli aktrisa Kim Nowak kino sungatynda bitiren uly hyzmatlary üçin “Altyn ýolbars” hormat baýragy bilen sylaglandylar.
82-nji Wenesiýa film festiwalynyň ýeňijileri:
“Altyn ýolbars” baýragy: “Kaka, eje, uýa, erkek dogan” (Father, Mother, Sister, Brother) – Jim Jarmuş
Eminleriň “Gran Pri” baýragy: “Hindi Rajabyň sesi” (The Voice of Hind Rajab) – Kauter Ben Haniýa
Eminleriň ýörite baýragy: “Bulutlaryň astynda” (Sotto le nuvole) – Janfranko Rosi
Iň gowy režissýor “Kümüş ýolbars” baýragy: Benni Safdi – “Ýumrujy maşyn” (The Smashing Machine)
Iň gowy aktýor “Volpi” kubogy: Toni Serwillo – Merhemet” (La grazia)
Iň gowy aktrisa “Volpi” kubogy: Sin Çžileý – “Gün hemmämiziň üstünden” dogýar” (Ri Gua Zhong Tian)
Iň gowy ssenariý baýragy: Walerie Donzelli bilen Žill Marşan – “Iş başynda” (A pied d’œuvre)
Marçello Mastroianni adyndaky baýrak: Luna Wedler – “Dymma dost” (Silent Friend)