2-nji martda Delide Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni bilen Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Hindistan bilen Kanadanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hem-de söwda we maýa goýumlary ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykdan soň liderler bilelikdäki metbugat maslahatyny geçirdiler. Onda Modi Karniniň Hindistana saparyna we Hindistan bilen Kanadanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýokary baha berýändigini mälim etdi.
-Biz şeýle hem söwda dolanyşygynyň möçberini 2030-njy ýyla çenli 50 milliard dollara ýetirmek we hemmetaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň basymrak baglaşylmagy baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdyk – diýip, Modi aýtdy. Ol Hindistan bilen Kanadanyň tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda tebigy hyzmatdaşlardygyny nygtady. Kanadanyň emeli aň boýunça sammite goşan goşandyna salgylanyp, Modi Karnä çäräniň üstünlikli geçmegine ýardam berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ol iki ýurduň kosmos, tehnologiýalar we möhüm peýdaly gazylyp alynýan baýlyklar ulgamynda hyzmatdaşlygy utgaşdyryp alyp barjakdyklaryny aýtdy. Modi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda daşky gurşawy goramagyň möhümdigini nygtady. Karni öz saparyny Hindistan-Kanada gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň täze eýýamynyň başlangyjy diýip atlandyrdy.
Ol ýurtlaryň strategik energetika hyzmatdaşlygyna badalga berýändiklerini bellemek bilen, möhüm mineral serişdeler we arassa energiýa ulgamyndaky gatnaşyklary hem agzap geçdi.
-Biz Kanada we Hindistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk boýunça öňe barýarys we ony şu ýylyň ahyryna çenli gol çekmegi maksat edinýäris – diýip, Karni aýtdy. Karni şeýle hem bilim we medeni gatnaşyklary, şol sanda ýokary bilim ulgamyndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen birnäçe ylalaşyklary yglan etdi.
PDF









