9-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli parlamentiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, migrasiýa babatdaky meseleleri kämilleşdirmek, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň wekilleriniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna gatnaşandyklary, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy möhüm wezipeleriň hatarynda belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.