Şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen saýlawda ýeňiş gazanan Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko täze möhlet üçin kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Paýtagt Minskdäki Garaşsyzlyk köşgünde geçirilen kasam kabul edişlik dabarasy ýurduň Merkezi Saýlaw geňeşiniň başlygy Igor Karpenkonyň sözi bilen açyldy. Ilki bilen, Karpenko saýlawda Lukaşenkonyň ýeňiş gazanandygyny mälim etdi. Soňra Lukaşenko ýurduň Konstitusiýasyna wepaly boljakdygy barada kasam kabul etdi. Prezident Lukaşenko kasam kabul edişlik dabarasynda Belarusyň parahatlygynyň, howpsuzlygynyň, asudalygynyň, milletiň abraýynyň we halkyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulygynyň ýurduň ileri tutýan syýasaty bolmagynda galjakdygyny belledi.
Şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen saýlawda Lukaşenko 86,82 göterim ses bilen 7-nji gezek bu wezipä saýlandy. Aleksandr Lukaşenko Belarusyň birinji Prezidenti hökmünde ilkinji gezek 1994-nji ýylyň 20-nji iýulynda wezipesine girişipdi.