20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tanyşdyryş dabarasy guraldy.
Bu çärä Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli şeýle hem Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp ýurdumyzda ýokary derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserler bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň durmuşa geçirilmegi hem-de ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň derwaýysdygy bellenilip, halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti nygtaldy.