Milanyň “La Skala” opera teatry tomaşaçylaryň daşky görnüşi üçin has berk talaplary girizdi. Indi futbolka, şortik we şypbyk geýen myhmanlara teatra girmäge rugsat berilmeýär. Üstesine-de satyn alnan petekleriň bahasynyň öwezi dolunmaýar. Teatryň ýolbaşçylary medeniýet ojagynda edep düzgünlerini kabul edendigini, tomaşaçylaryň hem eşikleriniň şoňa laýyk geýmelidigini bellediler. Resmi taýdan teatryň geýim düzgüni 2015-nji ýylda, Milanda Bütindünýä sergisi geçirilende girizilen bolsa-da, oňa hemişe gözegçilik edilip durulmaýardy.