Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Sergä TSTB-niň 200-e golaý agzalary gatnaşyp, olar azyk we azyk önümlerini gaýtadan işleýän, agro-senagat, gurluşyk, mebelleriň we beýleki ugurlarda iş alyp barýan kärhanalar öz harytlaryny we hyzmatlaryny görkezdiler. Sergä gatnaşan “Kenar” balygy gaýtadan işleýän hususy kärhanasynyň işgäri Hoja Amanow alyp barýan işleri barada bize şeýle gürrüň berdi:
– Balygy gaýtadan işleýän “Kenar” hususy kärhanamyz 2017-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda esaslandyryldy. Ilkibaşda balygyň gaýtadan işlenen 5 görnüşini öndürmäge ýöriteleşen kärhanamyz häzirki wagtda 20-den gowrak harydy alyjylar köpçüligine hödürleýär. Olaryň görnüşlerini sanap geçsek: Sowuk tüssede kakadylan skumbriýa, Sowuk tüssede kakadylan gowşak duzlanan ýagly atlantika takgaz balygynyň filesi, Gyzgyn tüssede kakadylan skumbriýa, Gowşak duzlanan, ýagly, atlantik takgazy wakuum astynda gaplanan, Sowuk tüssede kakadylan atlantik takgazy wakuum astynda gaplanan, Sowuk tüssede kakadylan skumbriýa wakuum astynda gaplanan, Gowşak duzlanan atlantik takgaz balygynyň filesi wakuum astynda gaplanan, Sowuk tüssede kakadylan gyzyl balygyň filesi wakuum astynda gaplanan, Sowuk tüssede kakadylan ýagly balyk bölegi wakuum astynda gaplanan, Sowuk tüssede kakadylan lakga balygynyň bölegi, wakuum astynda gaplanan, Sowuk tüssede kakadylan ýagly moýwa, Sowuk tüssede kakadylan Hazar külke balygy, Hoşboý ysly duzlanan takgaz balygynyň bölekleri, Atlantik takgaz balygynyň filesi, duzly erginde, Atlantik duzly balygynyň filesi ýagda, Hoşboý ysly duzly moýwa, Gowşak duzlanan, ýagly, Atlantik takgazy we ş.m. Iň esasy bellemeli zadymyz hem “Kenar” balygy gaýtadan işleýän hususy kärhanamyzda gaýtadan işlenilýän balyklaryň agramly bölegi Ýuwaş we Atlantik ummanlaryndan we Hazar deňzinden tutulýar. Bu babatda biziň esasy hyzmatdaşymyz norwegiýaly, finlýandiýaly, wýetnamly kärdeşlerimiz bolup durýar. Geljekde hem hormatly Prezidentimiziň biz hususy telekeçilere döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täze önümlerimiz bilen halk köpçüliginiň islegini doly derejede kanagatlandyrmagy göz öňünde tutýarys.
Söhbetdeş bolan: Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.