- Kengurunyň 4 görnüşi bar. Olar gyzyl kenguru, Gündogar çal kenguru, Günbatar çal kenguru we antilopa-kenguru.
- Esasan, Awstraliýada ýaşaýan bu jandarlar Indoneziýada we Täze Gwineýa adasynda hem duş gelýär.
- Bu jandarlaryň öň aýagy kelte, art aýagy we guýrugy uzyn bolýar. Olar adatça towsup ýöreýärler.
- Hordalylar maşgalasyna degişli bu jandarlar çagasyny belli bir ýaşa ýetýänçä torbasynda göterip gezýärler.
- Kengurunyň üzümiň ululygyndaky kiçijik çagasy 6-8 aýdan soň enesiniň torbasyndan çykýar.
- Bu jandarlar ot, ir-iýmiş bilen birlikde, ownujak mör-möjekler bilen iýmitlenýärler.
Kengurularyň iň uly görnüşi gyzyl kenguru bolup, boýy 2 metre, agramy 90 kilograma ýetýär. - Torbalylar maşgalasynyň iň kiçisi bolan çal kengurular bolsa, Awstraliýanyň nyşany hasaplanýar.
- Adatça, haýaljak ýöreýän bu jandarlar bir zatdan gorkanda ýa-da howp abananda ylgap başlaýarlar. Kengurularyň tizligi sagatda 55 kilometre çenli ýetip bilýär.
- Kengurular dikligine 3 metre, uzynlygyna 9 metre çenli aralyga böküp bilýärler.
20 ýyla çenli ýaşaýan bu jandarlar suwsuzlyga çydamly bolup, salkynda otlamaga çykýarlar. - ABŞ-daky, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndaky haýwanat baglarynda kenguru saklanýan bölümler bar.