Afrikanyň gündogarynda ýerleşýän Keniýa Respublikasy geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, howasy, köp milletli ilaty we garly daglary bilen tapawutlanýar. Yklymyň iň ösen ýurtlarynyň biri bolan Keniýanyň 52 milliondan gowrak ilaty bar. Ýurduň paýtagty we iň uly şäheri Naýrobi bolup, Hindi ummanynyň kenarynda ýerleşýän Mombasa şäheri ýurduň esasy port şäheri hasaplanýar. Bulardan başga-da, ýurduň esasy şäherleriniň hatarynda Kisumu we Nakuru hem bar. Keniýa demirgazyk-günbatarda Günorta Sudan, demirgazykda Efiopiýa, gündogarda Somali, günbatarda Uganda, günortada Tanzaniýa bilen serhetleşýär. Ýurduň esasy bölegini safariler, jülgeler we sawannalar emele getirip, günbatar böleginde gurak howasy bolan Çalbi hem-de Niri çölleri ýerleşýär. Keniýanyň iň belent nokady üsti buz we gar bilen örtülen Keniýa dagy bolup, beýikligi 5 müň 199 metre ýetýär. Ýurduň çäginden iki sany halkara awtoulag ýoly (Kair-Keýptaun, Lagos-Mombasa şaýollary) we demir ýol geçýär. Ýurtda 15 sany howa menzili bar.
580 müň 367 inedördül kilometr meýdany eýeleýän Keniýanyň ilatynyň esasy bölegini hadza halky emele getirýär. Ökde awçylar bolan bu taýpa has irki ýyllarda Keniýanyň obalarynda mesgen tutupdyr. Soňlugy bilen esasy käri çopançylyk bolan beýleki taýpalar hem göçüp barypdyrlar. 1963-nji ýylda Garaşsyzlygyny alan Keniýa birnäçe halkara guramalaryň agzasydyr. Keniýanyň iki sany resmi dili bolup, ilatyň esasy bölegi iňlis we suwaýili dillerinde gepleşýärler. Ýurtda ýerli taýpalaryň arasynda 69 dil ulanylýar. Keniýanyň ykdysadyýetinde çaý, kofe we ter güller ýaly oba hojalyk önümleri, tokaý hojalygy hem-de balykçylyk öňdäki orny eýeleýär. Ýurduň esasy bölegi tropik howa guşaklygynda ýerleşip, mart we aprel aýlarynda «uzyn ýagynly» möwsüm bolýar. Ýaz paslynda käte suw joşmalary netijesinde jülgelerde we safarilerde kiçiräk köller emele gelýär. Kä ýyllar ýurtda uzak wagtlap gurakçylyk hem bolýar.
Afrikanyň syýahatçylyk pudagynda ösen ýurtlarynyň biri bolan Keniýa ýabany tebigaty, safarileri we medeni däp-dessurlary bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Masai Mara, Amboseli we Tsawo ýaly milli seýilgähleri ýurduň iň meşhur ýerleri hasaplanýar. Keniýa barýan syýahatçylar milli seýilgählere gezelenç etmek bilen bir hatarda, ulagly safarileri aýlanyp, ýolbarslaryň, pilleriň, žiraflaryň we zebralaryň täsin hereketlerini ýakyndan synlamaga mümkinçilik alýarlar. Her ýyl ýaz paslynyň gelmegi bilen safarilerde gezip ýören ýabany jandarlar Mara derýasynyň ugry bilen Masai Mara milli seýilgähine göçýärler. Afrikanyň «uly bäşlik» diýlip atlandyrylýan jandarlary: ýolbars, gaplaň, ýabany öküz, kerk we pil, esasan, Masai Mara milli seýilgähinde duş gelýär.
Ýurduň günorta-gündogarynda «Mombasa», «Diani Beach» we «Galu Beach» kenarýaka dynç alyş merkezleri bar. Bu dynç alyş merkezleri medeniýetli dynç almaga, deňziň täsin tebigatyny synlamaga mümkinçilik berýär. Täsin başdangeçirmeleri halaýanlar üçin Keniýa dagynda egrem-bugram dag ýodalary we Ngong depeleri bar. Bu ýollara pyýada gezelenç etmek bilen dag tebigatyny we Keniýanyň täsin gözelliklerini synlap bolýar. Ýurtda milli seýilgähleri we ýabany jandarlary goramak maksady bilen 2017-nji ýylda bir gezeklik ulanylýan plastik önümler gadagan edildi.
Keniýa aşhanasynda Afrika, Hindi we Ýewropa tagamlary öňdeligi eýeleýär. Mekgejöwen unundan bişirilýän ugali, geçi we sygyr etinden köze daglanyp bişirilýän «nyama choma» we palaw ýurduň iň meşhur tagamlary hasaplanýar. Keniýa her ýyl 2 milliondan gowrak syýahatçy barýar.