Dünýäniň köp ýurdunda guşlara iým bermek gadagan edilen. Sebäbi ýabany jandarlary iýmitlendirmek olaryň sanyny artdyryp, tebigy iýmit zynjyryny bozup bilýär. Hindistanyň Mumbaý şäherinde hem köpçülik ýerlerinde kepderilere iým bermek gadagan edildi. Ýurtda irki döwürlerden bäri kepderilere iým bermek däbi bar. Hindi kinolarynda hem kepderilere köp orun berilýär. Bu guşlara iým berilýän ýerlere “kabutarkhana” (kepderihana) diýilýär.
Geçirilen barlaglarda bu guşlaryň bir ýerde jemlenmegi adamlaryň dem alyş ýollarynda käbir keselleriň döremegine getirip bilýär. Hindistanda kepderileriň sanynyň 2000-nji ýyldan bäri 150 göterim artandygy bellenilýär.