Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň täze metbugat kätibi wezipesine Keti Zahariýanyň bellenendigini yglan etdi. Ol awgust aýynda wezipesinden çekilen Kerolaýn Lewittiň ornuny eýelär.
ABŞ-nyň Döwlet Baştutany bu karar barada özüniň «Truth Social» sosial torundaky sahypasynda habar berip, Keti Zahariýanyň ynamly we ukyply hyzmatdaş hökmünde özüni görkezendigini hem-de döwlet edaralary we köpçülikleýin habar serişdeleri bilen netijeli işleşjekdigine ynanýandygyny belledi.
Hukukçy hünäri bolan 41 ýaşly Keti Zahariýa Pepperdaýn uniwersitetini tamamlady. Ol mundan ozal «Trump Media & Technology Group» kompaniýasynda kommunikasiýalar boýunça uly geňeşçi wezipesinde zähmet çekdi, şeýle hem Içeri howpsuzlyk ministrliginde we köpsanly konsertawtiw habar serişdelerinde, şol sanda «Fox News» we «Newsmax» teleýaýlymlarynda synçy hökmünde çykyş etdi. Zahariýa saýlawdan öňki çäreleri guramakda hem-de syýasy taslamalarda işjeň zähmet çekip gelýär.
Awgust aýynda maşgala ýagdaýlary sebäpli wezipesinden çekilen Kerolaýn Lewittiň ornuna täze metbugat kätibini bellemek zerurlygy ýüze çykdy. Täze metbugat kätibi Keti Zahariýa eýeleýän wezipesinde ýurduň bähbitlerine gulluk etmäge hem-de hökümetiň gazanýan uly ýeňişlerini ilat köpçüligine ýetirmäge taýýardygyny belledi.
Keti Zahariýanyň bu wezipä bellenilmegi ABŞ-da geçiriljek aralyk saýlawlarynyň öň ýanynda Ak Tamyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we jemgyýetçilik bilen amala aşyrýan maglumat alyş-çalşygyny täze tapgyrda berkitmäge hem-de döwlet syýasatynyň birsydyrgyn we netijeli ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
PDF








