Koreýa Respublikasynyň “Kosmos” kompaniýasy öňdäki tigri keýesiz bolan “F5” elektrowelosipedini hödürledi. Agramy 22 kilogram bolan welosipedi gysga wagtda ikä epläp, ýygnap bolýar. Welosipediň bu aýratynlygy ony saklamagy we daşamagy ýeňilleşdirýär.
Keýesiz tigirler welosipediň agramyny hem-de howa garşylygyny azaldýar. Netijede, welosiped has akgynly hereket edýär. 750 wattlyk hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan bu model tizligini sagatda 32 kilometre çenli artdyryp bilýär. Welosipedde tizligi emaý bilen üýtgetmäge mümkinçilik berýän merkezi geçiriji ulgam bar.
Welosipediň şinalary berk bolup bu ýagdaý ony deşilmekden goraýar. Kämil togtadyjy ulgamy bilen abzallaşdyrylan welosipediň ruly displeý bilen üpjün edilen. Häzirki wagtda bu welosipedi 1500 dollar töläp, öňünden sargyt edip bolýar. Köpçülikleýin satuwy başlandan soň onuň bahasy 3500 dollara çenli ýokarlanar.