Dün­ýä kar­ta­sy­na se­re­de­ni­miz­de Ýer şa­ry­nyň 6 bö­lek­den yba­rat­dy­gy­ny gör­ýä­ris. Dün­ýä­niň nä­dip ma­te­rik­le­re bö­lü­nen­di­gi we bu yk­lym­la­ryň hä­zir­ki at­la­ry­nyň nä­dip ýü­ze çy­kan­dy­gy hem­me­le­ri gy­zyk­lan­dyr­ýan so­wal­la­ryň bi­ri bol­sa ge­rek. Bu so­wal ge­og­raf­la­ryň we sy­ýa­hat­çy­la­ryň hem ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Ma­te­rik­le­riň at­la­ry köp asyr­lyk ta­ry­hy, me­de­ni we sy­ýa­sy ösü­şiň ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Ga­dy­my Wa­wi­lon­da çy­zy­lan il­kin­ji kar­ta­la­ra esas­lan­ýan Ýer şa­ry­nyň hä­zir­ki za­man kar­ta­syn­da 4 um­man, 195 ýurt, 3 mil­li­on­dan gow­rak der­ýa, 50-den gow­rak de­ňiz we 1 mil­li­on 2 müň tö­we­re­gi dag bar. Ýew­razi­ýa, Af­ri­ka, Gü­nor­ta Ame­ri­ka, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka, Awst­ra­li­ýa we An­tark­ti­ka yk­lym­la­ry­nyň at­la­ry di­ňe bir ge­og­ra­fik açyş­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­man, halklar, dil we di­ni ynanç­lar bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Eý­sem, ma­te­rik­le­riň ady nä­dip ýü­ze çyk­dy?

Ýew­ro­pa. Ýew­ra­zi­ýa­nyň bir bö­le­gi bo­lan «Eu­ro­pe» iň ga­dy­my söz­le­riň bi­ri bo­lup, il­kin­ji ula­ny­ly­şy­na bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki VI asyr­da grek akyl­da­ry we şa­hy­ry Go­me­riň aý­dym­la­ryn­da duş gel­mek bol­ýar. Ýew­ro­pa sö­zi grekleriň Apol­lon hu­da­ýy­na ba­gyş­la­nan se­na­synda hem ag­zal­ýar. Sö­züň ge­lip çy­ky­şy ta­kyk bol­ma­sa-da, Ýew­ro­pa ba­ra­da bir­nä­çe çak­la­ma­lar bar. Çak­la­ma­la­ryň bi­rin­de ak­kad di­lin­dä­ki «ere­bu» (çüm­mek, gün­ba­ta­ra düş­mek) sö­zün­den ge­lip çy­kan­dy­gy öňe sü­rül­ýär. Ýew­ro­pa­nyň Azi­ýa­nyň gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­me­gi bu çak­la­ma­ny gol­da­ýar. Beý­le­ki bir çak­la­ma gö­rä, Ýew­ro­pa­nyň ady­nyň «eu­rys» (giň), «ops» (ýüz) di­ýen grek söz­le­rin­den eme­le ge­len­di­gi bel­le­nil­ýär.
Azi­ýa. Ýew­ra­zi­ýa­nyň ikinji bö­le­gi bo­lan Azi­ýa yk­ly­my­nyň ady­nyň ak­kad di­lin­dä­ki «asu» (do­gul­mak, di­rel­mek) sö­zün­den ge­lip çy­kan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Bu çak­la­ma Azi­ýa­nyň gün­do­gar­da ýer­leş­ýän­di­gi, Gü­nüň il­kin­ji dog­ýan ýe­ri­di­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ir­ki dö­wür­ler­de grek­ler Ýe­ri üç esa­sy se­bi­te: Ýew­ro­pa, Azi­ýa we Li­wi­ýa (Af­ri­ka­nyň de­mir­ga­zyk bö­le­gi) bö­lüp­dir­ler. Bu ga­ra­ýyş yl­my taý­dan dog­ry bol­ma­sa hem, grek­ler Ýer şa­ry­ny şeý­le göz öňü­ne ge­ti­rip­dir­ler.
Af­ri­ka. Dün­ýä­niň iň ys­sy ma­te­ri­gi­niň ady­nyň ge­lip çy­ky­şy ta­kyk bel­li däl. Ga­dy­my grek­ler de­mir­ga­zyk Af­ri­ka­ny «Li­wi­ýa» di­ýip at­lan­dy­ryp­dyr­lar. Rim­li­ler bol­sa Tu­ni­siň tö­we­re­gin­dä­ki ýer­le­re Af­ri­ka di­ýip at be­rip­dir­ler. «Af­rika» sö­zü­niň arap di­lin­dä­ki «uzak ýer» di­ýen söz­den ge­lip çy­kan­dy­gy bel­le­nil­ýär. XVII asyr­da ýew­ro­pa­ly­la­ryň bu ma­te­ri­gi öw­ren­me­gi bi­len kar­ta­lar­da Af­ri­ka yk­ly­my peý­da bol­ýar.
Ame­ri­ka. Ýew­ro­pa­ly­lar il­kin­ji ge­zek Ame­ri­ka aýak ba­san­la­ryn­da ol ýer­de müň­ler­çe ýyl bä­ri ýa­şap gel­ýän ýer­li ila­tyň bar­dy­gy­ny gör­ýär­ler. Bu materik dür­li halk­lar ta­ra­pyn­dan dür­lü­çe at­lan­dy­ryl­ýar. Kris­to­fer Ko­lum­byň açyş­la­ryn­dan soň, ital­ýan söw­da­gä­ri Ame­ri­go Wes­pu­ççi 1501-nji ýyl­da bu yk­ly­ma bar­ýar. Ne­mes kar­tog­ra­fy Mar­tin Wald­ze­mýul­ler kar­ta çy­za­nyn­da bu ma­te­ri­gi Ame­ri­go­nyň hor­ma­ty­na «Ame­ri­ka» di­ýip at­lan­dyr­ýar.
Awst­ra­li­ýa. Rim­li­ler bu ma­te­ri­gi «ter­ra aust­ra­lis incog­ni­ta» (nä­bel­li gü­nor­ta top­rak­lar) di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. 1644-nji ýyl­da bu yk­ly­ma «Tä­ze Gol­lan­di­ýa» di­ýip at ber­ýär­ler. XIX asy­ryň ba­şyn­da ka­pi­tan Metýu Flin­ders bu ma­te­ri­giň «Awst­ra­li­ýa» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy ba­ra­da­ky pi­ki­ri öňe sür­ýär.
An­tark­ti­da. 1820-nji ýyl­lar­da so­wuk yk­ly­my il­kin­ji bo­lup rus bar­lag­çy­la­ry öw­ren­ýär­ler. XIX asyr­da bu ma­te­rik «Ul­ti­ma», «An­ti­po­dea» ýa­ly söz­ler bi­len at­lan­dy­ryl­ýar. 1880-nji ýyl­da şot­lan­di­ýa­ly kar­tog­raf Jon Jorj Bar­to­lo­mýu bu ma­te­ri­gi kar­ta­da ýer­leş­di­rip, Ark­ti­ka di­ýip at­lan­dyr­ýar. «Ark­ti­ka» grek­çe «ark­tos» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, «aýy» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Şeý­le­lik bi­len, An­tark­ti­da de­mir­ga­zy­gyň ter­si bo­lan gü­nor­ta pol­ýu­syň ady­na öw­rül­ýär.