Supermen gahrymanynyň ilkinji gezek peýda bolan komiksler toplumynyň birinji sany ABŞ-da geçirilen auksionda rekord bahadan 15 million dollara satyldy. Geçmişde bu komiksiň eýesi meşhur amerikan aktýory Nikolas Keýj bolupdyr. Bu barada “ComicConnect” auksion öýi habar berýär.
2011-nji ýylda aktýordan ogurlanan bu nusga tapylyp, eýesine gaýtarylypdy. Soňra bu komiks şol döwür üçin rekord hasaplanan 2,2 million dollara satyldy.
Auksion öýüniň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu nusga dünýäde saklanyp galan jemi ýüz sany nusganyň biridir. Lotuň ýagdaýy “haýran galdyryjy” diýlip häsiýetlendirildi.
Komiksiň daşynda gök lybasly we gyzyl ýapynjaly Supermen şekillendirilipdir. Ol kellesiniň üstünde ýaşyl reňkli awtoulagy saklaýar, onuň kapoty daşa degip döwülýär.Komiksiň bu sany 1938-nji ýylyň iýunynda çapdan çykypdy.
PDF









