Türk­men­le­riň ýyl­dyz se­ne­na­ma­sy bo­ýun­ça 18-nji ýan­war­dan gy­şyň üçün­ji döw­ri – ki­çi çil­le baş­lan­ýar. Kyrk gün­läp do­wan eden uly çil­le or­nu­ny ki­çi çil­lä ber­ýär. Türk­men di­li­niň dü­şün­di­riş­li söz­lü­gin­de «çil­le» sö­zi gyş pas­ly­nyň iň so­wuk gün­le­ri, gy­şyň ör­kü­ji diý­lip bel­le­nil­ýär. Bu dö­wür çar­wa­lar üçin hem, daý­han­lar üçin hem uly çil­le bi­len bir­lik­de gy­şyň iň jo­gap­kär­li döw­ri ha­sap­la­nyp­dyr. Ýig­ri­mi gün­läp do­wam ed­ýän bu döw­ri hal­ky­myz taý­ýar­lyk­ly gar­şy­lap­dyr. Çün­ki ki­çi çil­le gar-ýa­gyş­ly so­wuk ho­wa­ny, do­ňak­çy­ly­gy ge­ti­rip­dir. Ýö­ne ol uly çil­le­dä­ki ýa­ly uzak do­wam et­män­dir. Tog­san gün­läp do­wam ed­ýän gyş döw­rü­niň tas üç­den iki bö­le­gi­niň yz­da gal­ma­gy, ýaz gün­le­ri­niň ýa­kyn­laş­ma­gy bi­len, ba­ha­ra mah­sus ma­ýyl ho­wa­la­ry­ňam bol­ýan gün­le­ri az bol­man­dyr. Ho­wa­nyň ýy­gy-ýy­gy­dan üýt­gäp dur­ma­gy bu döw­re mah­sus ýag­daý­dyr.
«Ki­çi çil­le­de ba­lam bol­saň dam­ma, uly çil­le­de ga­nam bol­saň diň­me» di­ýen ata-ba­ba­la­ry­myz aýaz­ly, gar-ýa­gyş­ly, do­ňak­çy­lyk gün­le­ri­niň uly çil­le döw­rün­de bo­la­ny­ny kem gör­män­dir­ler. Her nä­me­-de bol­sa, ki­çi çil­le­de-de ho­wa­nyň 0 derejeden aşak düşýän gün­le­ri az bol­man­dyr. Ýa­gan ga­ryň ýer­de köp ýat­ma­gy ýaz eki­şi­ne taý­ýar­la­nan ýer­ler üçin ýa­ram­ly bo­lup­dyr. Ga­ryň ýu­waş-ýu­waş­dan ere­me­gi bol­sa, top­ra­ga siň­ňin si­ňip ýe­ri nem­len­di­rip­dir. Su­wuň doň­ma­gy mör-mö­jek­le­ri öl­dür­se, şol bir wagt­da ha­şal ot­lar­dan sap­la­ma­ga hem peý­da ge­ti­rip­dir. Güýz­de se­pi­len bug­daý to­hum­la­ry ma­za­ly­ja gö­ge­riş alan­dan soň­ra ki­çi çil­le­de ösüş al­ma­ýan ra­hat ýag­daý­da bo­lup­dyr. Daý­han­lar ýaz eki­şi­ne taý­ýar­lan­mak, ak ekin­le­re ideg et­mek üçin oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny göz­den ge­çir­mä­ge, abat­la­ma­ga pur­sat ta­pyp­dyr­lar. Bu döwürde mi­we­li agaç­la­r­ çyr­pylyp, tö­we­rek­le­ri ha­pa-ha­şal ot­lar­dan aras­sa­lanyp, ýap­lar­da ga­zuw iş­le­ri ge­çi­ril­ipdir. Tä­ze na­hal­la­ry oturt­mak üçin amat­ly dö­wür ha­sap edi­len kiçi çille çar­wa­lar üçin her­nä­çe ha­sap-sy­nag­ly dö­wür bol­sa-da, daý­han­la­ra bir­ne­me bil­le­ri­ni ýaz­ma­ga maý ta­py­lyp­dyr.
Bu dö­wür­de meý­dan­da ga­ryň köp ýat­ma­gy bi­len çarwalara gy­şa ba­sy­lan be­de­ler bi­len gyş­lat­mak, ýa­tak­la­ry so­wuk ho­wa­dan go­ra­mak üçin ýy­la­dyş iş­le­ri­ni ge­çir­mek, do­war­la­ryň baş sa­ny­ny sak­lap, bu dö­wür­den alyp çyk­mak ze­rur bo­lup­dyr. «Ki­çi çil­le­de in­çe üzü­lip, ýo­gyn so­zu­lar» di­ýen pä­him hem bu dö­wür­de ga­ra­şyl­ma­dyk ho­wa­ly gün­le­riň ga­bat gel­ýän­di­gin­den ha­bar ber­ýär. Kiçi çille: «Ýal­ka­sam – süýt ga­tyk iý­di­rin, gar­ga­sam – kel­le­ba­şa­ýak» di­ýenmiş. Kiçi çille mal­dar­lar­da uly sy­nag döw­ri ha­sap edi­lip­dir.
Mol­la­murt şa­hy­ryň:
Ýaz gü­nü­ne ýa­ra­şar ýa­gyş, ýyl­dy­rym,
Gyş çi­lle­de joş­gun si­le ýa­raş­maz –
di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, ýa­gyş­ly gün­le­riň ýaz­da, do­ňak­çy­lyk gün­le­ri­niň çil­le­de köp­räk bo­la­ny kem gö­rül­män­dir.
«Gy­şy gyş bol­ma­dy­gyň, ýa­zy ýaz bol­maz», «Gyş su­wy – gy­zyl suw», «Çil­le­de suw içen üzüm hiç ha­çan suw­sa­maz», «Çil­le­de – çe­pek, jöw­za­da – iç­mek», «Çil­le ga­ry – ýe­riň ga­ny» ýa­ly na­kyl­la­ry ýat­la­sak, sö­zü­mi­ziň üs­tü­ni ýe­tir­se ge­rek. Ki­çi çil­le 7-nji few­ral­da ta­mam­la­nyp, öz or­nu­ny «ga­ra­gyş» döw­rü­ne be­rer.
Goý, ýyl­la­ry­myz be­re­ket­li, gyş­la­ry­myz gar­ly, ýaz­la­ry­myz ýa­gyş­ly, gün­le­ri­miz gü­neş­li gel­sin.

Orazgeldi Saparow,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.