Dünýäde «Ýeriň öýkeni» hasaplanýan tokaýlaryň esasy bölegi Braziliýada, Kanadada, ABŞ-da we Hytaýda ýerleşýär. Tokaýlar diňe bir howany arassalamak bilen çäklenmän, eýsem, janly-jandarlaryň ýaşamagy hem-de adamlaryň tebigatda oňaýly dynç almagy üçin şert döredýär. Tokaýlarda agaçlaryň müňden gowrak görnüşi ösýär. Sosna, dub, klýon we tut dünýäde iň köp ekilýän agaçlar bolup, gözel tebigaty emele getirýär. Ata-babalarymyz agaç ekmegiň sogaply işdigini belleýärler. Oguz handan gaýdýan ýörelgä görä, her adam her ýyl iki düýp agaç ekmeli. Olaryň bir düýbi öten-geçenleriň hatyrasyna, beýlekisi geljek nesiller üçin. Ýurdumyzda agaç nahallary adatça güýzüň ahyryna (noýabr-dekabr) we ýaz paslynyň başyna (fewral-mart) ekilýär. Şu günler agaç ekmegiň tüýs wagty hasaplanýar.
Mähriban çagalar, eýsem, siz agaç ekip gördüňizmi?! Agaçlara ideg etmegi, alma, erik, üzüm ýaly öz eken agajyňyzyň miwesini iýmegi halaýaňyzmy?! Geliň, onda agaç ekmek bilen bagly käbir düzgünleri öwreneliň!
Ekmek isleýän agajyňyzyň düýp tutmagy we boý almagy üçin agaç nahalynyň kökünden üç esse giň çukur gazmaly. Çukuryň beýikligi agajyň üçden bir bölegine deň bolmaly. Agajy çukura ýerleşdirip, gumy owradyp pil bilen düýbüne guýmaly. Emma bagyň düýbüne guýlan topragyň üstünden basyp depgilemeli däl. Sebäbi agajyň köküne suw we howa ýeterlik baryp bilmeýär. Agajyň köki gum bilen doly ýapylandan soň, çukura dolýança suw guýmaly we biraz garaşmaly. Suwy siňenden soň, toprak çöküşýär we düşýär. Soňra ýene-de çukur dolýança gum guýmaly. Agajyň düýbüne guýlan suwy saklamak üçin gumdan tegelek edip germew etmeli. Eger eken agajyňyz has uzyn bolsa, artykmaç şahalaryny kesip, boýuny biraz gysgaltmaly. Bu agajyň baldaklaryny iýmitlendirmegine we kadaly düýp almagyna ýardam edýär. Täze ekilen agajyň düýbüne ders çüýrüntgisini ýa-da mineral dökün dökmeli däl. Agajyň gowy düýp almagy üçin her 2-3 günden suwaryp durmaly. Eger siz ilkinji gezek agaç ekýän bolsaňyz, ulularyň kömeginden hem peýdalanyp bilersiňiz. Agaç ekip bolanyňyzdan soň, piliňizi arassalap goýmagy we eliňizi sabynlap ýuwmagy ýatdan çykarmaň!
PDF









