Dünýäde ynsanlaryň öz wagtlaryny medeniýetli dynç alyşda geçirýän iň esasy ýerleriniň biri-de kinoteatrlardyr. Bu mekanlarda 130 ýyllyk taryhy bolan, 7-nji sungat hasaplanýan kino sungatynyň täze ekran eserlerine tomaşa edilýär. Esasan hem irki ýyllarda kinoteatrlara gitmegiň özboluşly manysy bolup, şol ýere barýanlarda ýatdan çykmajak täsirleri peşgeş berýärdi. Soňky ýyllarda “streaming” platformalarynyň giňden ýaýrap başlamagy bilen, film üçin kinoteatra gidip tomaşa etmegiň zerurlygy ýok diýýänleriň sany artýan hem bolsa, kinoteatrlar hemişe şol duýguly, jadyly sungatyň iň esasy mekany bolmagyny dowam edýär.
Hemmä mälim bolşy ýaly, dürli sandaky tomaşaçyny sygdyrýan kinoteatrlaryň özüne mahsus oturgyçlary (kreslolary) bolýar. Şol oturgyçlar bolsa ähli kinoteatrlarda diýen ýaly gyzyl reňkde bolup, seýrek gök ýa-da gara reňklileri-de duş gelýär. Aslynda şol oturgyçlaryň reňkiniň gyzyl bolmagy bilen baglanyşykly ýörite düzgünnama ýok. Onuň 2-3 sany ýönekeý sebäbi bar.

Ilki bilen, gyzyl reňk gadymdan gelýän ýörelgä görä, ir döwürlerden bäri opera we teatr jaýlary ýaly ýerlerde gyzyl reňk lýuksuň, aňrybaş durmuşyň, baýlygyň, ajaýyplygyň nyşany hökmünde ulanylypdyr. Gyzyl reňkli mahmal perdeler, owadan bezegler şol ýerlere mahsus zatlar bolupdyr. Ilkinji kinoteatrlar hem şol ýörelgä eýerip, tomaşaçylara özüne mahsus atmosferany hödürlemegi maksat edinip gelýär.
Ikinjiden, gyzyl reňkiň tolgundyryjy we hyjuwlandyryjy häsiýeti bolany üçin kino tomaşa edýänlere psihologik täsirini ýetirýär.
Üçünjiden bolsa, belki-de iň esasysy, şol oturgyçlar praktiki sebäplerden gyzyl reňkde bolýar. Ýagny “Purkinýe täsiri” diýilýän bir fenomen ýörelgä görä, ynsan gözi ýagtylygy pes bolan şertlerde ýa-da ýerlerde beýleki reňklere garanyňda, gyzyl reňki saýgarmak ukybyny tiz ýitirýär. Kinoteatrlarda yşyklar öçürilende, gyzyl oturgyçlar has goýy görünýär we tomaşa edýänleriň görüş nokadyndan ýitip gidýän ýaly bolýar. Bu bolsa tomaşaçynyň oturgyçlar sebäpli ünsüniň dargamagynyň öňüni almak bilen, ähli ünsleriň ekrana, “ak ullakan mata” jemlenmegine ýardam berýär.
Gysgaça aýdylanda, gyzyl reňkli oturgyçlar hem taryhy däp bolmak bilen lýuks atmosferany emele getirýär. Şol sanda-da gözüň pes ýagtylykdaky adaptasiýasynyň saýasynda bar ünsümizi filme bermäge iterýär.
PDF








