Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir täze ýyly öz şygary bilen beýik maksatlarymyza badalga berip, myratly menzillere sary atardy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyl eziz Watanymyzyň okgunly ösüşinde möhüm sepgit bolup, üstünliklerimize dowamat, agzybir halkymyzyň döredijilik ruhuna täze joşgun berdi.
Täze ýylda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny hem has-da ösdürmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Üstümizdäki ýylda Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde medeniýet ulgamynyň iş meýilnamalary tassyklandy. Şol meýilnamada kitaphanalaryň hem işini kämilleşdirmek we ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Kitaphana işi bilim, medeniýet we jemgyýetçilik ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşykly möhüm ugurdyr. Ol kitaplary, okuw gollanmalaryny, ylmy-barlag eserlerini hem-de beýleki neşir önümlerini taýýarlamak, çap etmek we okyjylara ýetirmek işlerini öz içine alýar.
Kitaphana işiniň baş maksady ýokary hilli, ygtybarly we mazmun taýdan baý neşirleri taýýarlap, olary giň okyjylar köpçüligine hödürlemekdir. Kitaphanalaryň we neşirýatlaryň jemgyýetiň medeni mirasyny gorap saklamakda, ýaş nesli terbiýelemekde we ylmy ösüşi goldamakda uly orny bar. Olar milli edebiýaty ösdürýär, dünýä medeniýeti bilen aragatnaşygy berkidýär.
Häzirki wagtda kitaphana işi sanly tehnologiýalar bilen utgaşyp ösýär. Elektron kitaplar, onlaýn platformalar we sanly arhiwler okyjylara maglumatlara has çalt we amatly elýeterlilik berýär. Şeýle-de bolsa, kitaplar öz gymmatyny ýitirmän, bilim we medeniýetiň ygtybarly çeşmesi bolup galýar.
Kitaphana işi bilimli, aňly we ýokary medeniýetli jemgyýeti kemala getirmegiň möhüm serişdeleriniň biridir. Onuň ösdürilmegi ýurduň ruhy baýlygynyň artmagyna, ylmy we döredijilik mümkinçilikleriniň giňelmegine uly goşant goşýar.
Kitaphanalar we kitaphanaçylyk döwlet tarapyndan goldanylýan we kadalaşdyrylýan medeni-bilim ugurlarynyň biridir. Bu ugur jemgyýetiň intellektual ösüşini üpjün etmek, milli medeni mirasy gorap saklamak hem-de ylym-bilim maglumatlarynyň giň köpçülige ýetirilmeginde wajyp ähmiýete eýedir.
Laçyn RESULOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.
PDF









